Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistan we RF-iň Tatarstan Respublikasy hyzmatdaşlygy giňeldýärler
Ykdysadyýet
Türkmenistan we RF-iň Tatarstan Respublikasy hyzmatdaşlygy giňeldýärler
Çap edildi 30.07.2020
1743

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.D. Rejebowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Maýa goýum ösüşi agentliginiň ýolbaşçysy T. I. Minullina hem-de Astrahan oblastynyň Halkara we daşary ykdysady gatnaşyklary agentliginiň ýolbaşçysynyň orunbasary A. G. Aýdin bilen wideomaslahat aragatnaşygy arkaly duşuşygy geçirildi. Şeýle hem söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga ýurdumyzyň Kazandaky Baş konsuly A. H. Baýramow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, Tatarstan tarapyndan – Senagat we söwda ministrliginiň, Söwda-senagat palatasynyň, Kärhanalar we senagatçylar assosiasiýasynyň, Eksport korporasiýasynyň, Kazanyň motogurluşyk önümçilik birleşiginiň, Nebitsenagathimiýa YBI-niň, Zelenodolskiniň A. M. Gorkiý adyndaky gämi gurluşygy zawodynyň, «Poliz» kompaniýasynyň, «Ак Барс» bankynyň wekilleri gatnaşdylar. Gepleşikleriň barşynda taraplaryň Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygy beýan edildi. Kazanda Türkmenistanyň Söwda öýüniň açylmagy duşuşygyň temalarynyň biri boldy, ol türkmen önümleriniň we harytlarynyň Russiýa bazaryna üstünlikli ilerledilmegine ýardam etmelidir. Şeýle hem taraplar Hazarda türkmen-russiýa hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň wajyplygyny bellediler we RF-iň Astrahan oblastynyň logistiki düzümlerini türkmen harytlaryny RF-iň Tatarstan Respublikasyna ibermek üçin ulanmak mümkinçiligine garadylar. Tatarstan tarapy ähli ugurda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardygyny beýan etdi.

Soňky habarlar
20.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow