Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistan — BMG-niň Çagalar gaznasy: ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk
Jemgyýet
Türkmenistan — BMG-niň Çagalar gaznasy: ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk
Çap edildi 29.07.2020
1844

BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň wideogörnüş arkaly geçiren iki günlük maslahatynda BMG-niň çaganyň hukuklary boýunça komitetine nobatdaky Milli çykyşynyň taýýarlanylmagyna goldaw bermek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Onuň işine Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy boýunça halkara borçnamalary ýerine ýetirmek babatda Pudagara toparynyň bilermenler iş toparynyň düzümine girýän ministrlikleriň, döwlet hem-de jemgyýetçilik edaralarynyň bilermenleri gatnaşdylar. Bellenilişi ýaly, bagtly çagalygy üpjün etmek, ýurdumyzyň körpe nesilleriniň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu ugurda alnyp barylýan işleriň netijesinde, Türkmenistanda çagalaryň doly derejeli, sazlaşykly ösüşi we terbiýelenilmegi, körpe nesilleriň zehinlerini açyp görkezmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Bu örän jogapkärli işde BMG-niň agentligi, ilkinji nobatda bolsa, ÝUNISEF esasy hyzmatdaşy bolup durýar. Köp ýyllaryň dowamynda bilelikde ýerine ýetirilen işleriň netijesinde, Durnukly ösüş maksatlary bilen berk baglanyşykly döwlet ösüşiniň wajyp wezipeleriniň çözgüdine gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň toplumy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň 2018 — 2020-nji ýyllarda ÝUNISEF-niň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Umumy ykrar edilen halkara kadalaryny milli kanunçylyk bilen utgaşdyrmagyň çäklerinde, Garaşsyz döwletimiz birnäçe halkara-hukuk namalaryna, şol sanda BMG-niň çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna we onuň ugurdaş teswirnamalarynyň ikisine goşuldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmek ugrunda ulgamlaýyn we sazlaşykly işleri alyp barýar hem-de bu ugurda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary pugtalandyrýar. Şu ýyl ýurdumyz Çaganyň hukuklary baradaky komitete nobatdaky döwürleýin çykyşyny hödürlär. Onda çaganyň hukuklary ulgamynyň gün tertibini öňe ilerletmekde gazanylan ösüşler we ýetilen sepgitler, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek işlerini çaltlandyrmak meseleleri öz beýanyny tapar. Şunuň bilen baglylykda, 2021 — 2025-nji ýyllarda Türkmenistan bilen ÝUNISEF-niň arasynda Ýurt maksatnamasynyň çäklerinde çagalaryň abadançylygy, bu işleriň dolandyrylyşy, saglygy goraýyş, durmuş goraglylygy, ýokary hilli bilim ýaly ugurlarda özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň wajypdygy nygtaldy.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow