Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Obasenagat toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagy durnukly ösüşiň möhüm şertidir
Ykdysadyýet
Obasenagat toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagy durnukly ösüşiň möhüm şertidir
Çap edildi 28.07.2020
2261

BMG-ä agza döwletleriň hemmesi tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. 2030-njy ýyla çenli gün tertibiniň ykdysady, durmuş we ekologiýa ugurlary milli hem-de pudaklaýyn maksatnamalarda, şol sanda obasenagat toplumyny ösdürmek boýunça maksatnamada öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzyň oba hojalygynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň, kiçi we orta telekeçilige hemmetaraplaýyn goldaw berilmeginiň netijesinde, azyk bolçulygyny üpjün etmekde ägirt uly üstünlik gazanyldy. Munuň özi adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şerti bolup durýar. Ekerançylaryň Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň artmagyna goşýan goşandy yzygiderli ýokarlanýar. 2019-njy ýylda ol 10 göterim artdy. Şunda, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň aglaba bölegi hususy telekeçilere degişlidir. 2020-nji ýylyň alty aýynyň jemleri boýunça obasenagat toplumynyň önümçiliginiň ösüşi 115,7 göterime, şol sanda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 116,8 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 106,1 göterime deň boldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk hem-de azyk önümleriniň öndürilýän mukdary 28,7 göterim köpeldi. Diýarymyzyň gallaçylary 1 million 400 müň tonnadan gowrak ak bugdaý öndürip, bugdaý taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, içerki sarp edijileriň öz ýurdumyzda öndürilen çörek önümleri bilen üpjün edilmegi döwletimizde azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň çäklerinde aýratyn ähmiýetlidir. Munuň özi Durnukly ösüş maksatlarynyň esasy wezipeleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň önüm öndürijilerine hemmetaraplaýyn goldaw bermäge gönükdirilen oýlanyşykly syýasaty Türkmenistanyň azyk senagatynda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär. Şeýle strategiýa laýyklykda, oba hojalygyny we toplumyň beýleki pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga hem-de diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen ulgamlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Bu gün däneçilik we pagtaçylyk bilen bir hatarda, maldarçylyk, guşçulyk, gök ekerançylyk, bagçylyk, üzümçilik, bakjaçylyk, ary balyny öndürmek hem-de pudagyň beýleki ugurlary sazlaşykly ösdürilýär. Ekerançylyk ýerlerini netijeli peýdalanmak, ekinleri hem-de topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, tarp ýerleri özleşdirmek, ekin meýdanlaryny suwarmak we zeý ulgamlaryny çekmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, oba hojalyk ylmyny, tohumçylygy hem-de seçgi işlerini ösdürmek meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen ägirt uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna ägirt uly maliýe serişdeleri gönükdirilýär. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň, şol sanda ABŞ-nyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň hem-de beýleki ýurtlaryň iň täze görnüşdäki döwrebap traktorlary, kombaýnlary, ekskawatorlary, buldozerleri, beýleki tehnikalary we enjamlary satyn alynýar. «John Deere» kompaniýasy Türkmenistanyň ozaldan gelýän we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir. Amerikanyň dünýä belli bu kompaniýasy Diýarymyz bilen 25 ýyldan gowrak wagt bäri hyzmatdaşlyk edýär. Şu döwürde bu kysymly oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň dürli görnüşleriniň 8 müňe golaýy ýurdumyza getirildi. Edarasy Aşgabatda ýerleşýän «IPS Agri» bilelikdäki kärhana döredildi. Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda onuň hyzmat merkezleri hereket edýär. Hünärmenleri taýýarlamak, ýerli işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Ýurdumyzyň köp sanly hünärmenleri «John Deere» kompaniýasynyň Ýewropadaky we ABŞ-daky okuw merkezlerinde, degişli zawodlarda okuw sapaklaryny geçdiler. Bu gün pudagy tehniki we tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrmak meseleleriniň döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy nazara alnyp, hil taýdan täzeçil usulda ýerine ýetirilýändigini nygtamak gerek. Hususan-da, 2013 — 2019-njy ýyllarda ýurdumyz tarapyndan satyn alnan «John Deere» we «Ñlaas» kysymly ýokary öndürijilikli tehnikalar geljek birnäçe ýylyň dowamynda telematik sanly elektron dolandyryş ulgamy bilen enjamlaşdyrylar. Şu ýyl «John Deere» kompaniýasyndan täze traktorlar, ekiji gurallar we kultiwatorlar satyn alyndy. Daşary ýurtlardan satyn alynýan ähli oba hojalyk tehnikalarynyň ýerli toprak-howa şertlerinde hökmany ýagdaýda deslapky synag işleriniň geçirilýändigini bellemek gerek. «John Deere» kompaniýasynyň oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny hususy telekeçiler bankdan alan karz serişdeleriniň hasabyna satyn alyp bilerler. Hormatly Prezidentimiz telekeçilere döwlet tarapyndan maliýe goldawyny bermek maksady bilen, şu ýylyň ýanwar aýynda degişli Karara gol çekdi. Iýul aýynyň başynda Döwlet daşary ykdysady iş banky Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan «John Deere Walldorf GmbH & Ño. KG» kompaniýasyndan hususy telekeçileriň we şahsy taraplaryň satyn alýan oba hojalyk tehnikalarynyň hem-de enjamlarynyň bahasynyň 85 göterimini maliýeleşdirmek bilen baglanyşykly «Deere Ñredit Inñ» kompaniýasy bilen jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million dollaryndan gowrak bolan Karz ylalaşygyna gol çekdi. Halk Maslahatynyň çözgütlerine we milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararlaryna laýyklykda, daýhan birleşikleriniň sürümli ýerlerinden welaýatlarda oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň döredilendigini ýatlalyň. Şondan uzak möhletleýin esasda ulanmak üçin paýdarlar jemgyýetlerine, daýhan hojalyklaryna we beýleki oba hojalyk önümlerini öndürijilere ýer bölekleri berilýär. Şol ýerler şertnamalaýyn esasda bugdaý, gowaça we döwlet buýurmasy boýunça oba hojalyk ekinlerini — gök-bakja ekinlerini, ýeralma, üzüm we miweli baglary ösdürip ýetişdirmäge niýetlenendir. Önümleriň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy, daýhanlaryň salgytdan boşadylmagy, tehniki hyzmatlaryň, tohumyň, mineral dökünleriň, ösümlikleriň gorag serişdeleriniň ýeňillikli şertlerde berilmegi, oba hojalyk önüm öndürijileriniň maliýe-ykdysady taýdan höweslendirilmegi oňyn netije berýär. Bu çäreler öz zähmetiň netijelerine bolan gyzyklanmalary artdyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň iýun aýynda Diýarymyzyň sebitleri boýunça iş saparlaryny gurap, kärendeçileriň we hususy kärhanalaryň galla oragynda alyp barýan üstünlikli işleri bilen tanyşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegi milli ykdysadyýetimiziň azyk senagatyny ösdürmegiň, halkymyzyň ýokary hilli we dürli görnüşli azyk önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmagyň ýolunda wajyp ädime öwrüldi. Oba hojalygynda we azyk senagatynda, degişli maksatnamalaryň çäklerinde, eýýäm onlarça taslamalar amala aşyryldy. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda azyk üpjünçiligini ýola goýýan iri maldarçylyk hem-de guşçulyk toplumlary guruldy we gurluşygy dowam edýär. Şolarda ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmekden, mallary hem-de guşlary iýmlemekden başlap, önümleri gaýtadan işläp, taýýar et we süýt önümleriniň satuwyna çenli bolan ähli işler ýerine ýetirilýär. Şunda, peýnirleriň, şöhlatlaryň dürli görnüşleri, süýt, gatyk, gaýmak, ýogurt we beýleki azyk önümleri ilata hödürlenilýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklary ýerine ýetirilip, fermalaryň hasabynda durýan maldarçylyk toplumlaryny, iri şahly mallary, dowarlary, düýeleri, guşlary tapgyrlaýyn esasda hususylaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Pomidor, hyýar, burç, badamjan, kömelek, dürli gök otlary ösdürip ýetişdirýän ýyladyşhana hojalyklary şäherleriň we obalaryň ilatyny ýylyň dowamynda ter önümler bilen üpjün edýärler. Gök önümleri gaýtadan işlemek, dürli şerbetli içgileri, çörek we unaş, süýji-köke önümlerini öndürýän toplumlaryň işi ýola goýuldy. Obasenagat toplumyny ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalar we meýilnamalar Durnukly ösüş maksatlarynyň ykdysady, durmuş we ekologiýa ugurlaryny üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň amala aşyrylmagyny öz içine alýar. Häzirki döwrüň möhüm wezipelerini çözmekde işjeň orun eýeleýän Türkmenistan BMG-niň çäklerinde Araly halas etmegiň halkara gaznasy we beýleki abraýly guramalar hem-de düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyny esasy ugur edinýär hem-de suw, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak meseleleri boýunça özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolmagyna mynasyp goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň durnukly ösüş boýunça «Rio+20» maslahatynda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin BMG-niň durnukly ösüş boýunça sammitinde we beýleki iri halkara forumlarda öňe süren başlangyçlary hut şu ugra gönükdirilendir. Şolaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak, BMG-niň Araly halas etmek boýunça ýörite Maksatnamasyny we BMG-niň Suw strategiýasyny taýýarlamak ýaly teklipler bar. Suwdan peýdalanmak babatda oýlanyşykly hereketleriň we oba hojalyk önümleriniň önümçiliginiň, azyk howpsuzlygynyň derejesiniň arasynda özara baglanyşygyň bardygy şübhesizdir. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalygyna ekologiýa nukdaýnazaryndan suwaryşyň tehnologiýa babatda has kämil görnüşleri, suw serişdelerinden netijeli peýdalanmagyň döwrebap usullary ornaşdyrylýar. Bu babatda, Diýarymyzyň ähli welaýatlarynyň suwarymly ýerleriniň zeý suwlaryny ýygnamak üçin niýetlenen «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi aýratyn ähmiýetlidir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ozal ekin ýerlerinden çykan suwlar Amyderýa we Garagum derýasyna akdyrylýan bolsa, öri meýdanlary suw basýan bolsa, indi Türkmenistan sebitde ilkinji bolup, daşky gurşawa örän aýawly çemeleşmegiň nusgasyny görkezip, ozal ulanylýan usuldan el çekdi. Ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş ýagdaýyny gowulandyrmak bilen bir hatarda, ýurdumyzda ätiýaçlyk suw gory döredildi. Ol tebigy süzgüç we häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylmagy netijesinde, oba hojalyk toplumynyň zerurlyklary üçin ulanylýar. Bu suwlar täze ýerleri özleşdirmekde, öri meýdanlaryny giňeltmekde, tokaý zolaklaryny suwarmakda we tehniki zerurlyklarda peýdalanylýar. Ylymlar akademiýasynyň alymlary, hususan-da, Himiýa instituty tarapyndan bu ugurda degişli ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Institutyň işgärleri monografiýalary we makalalary çap etdiler, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ekologiýa kartasyny işläp taýýarladylar. Bu emeli suw howdanynyň ekologiýa we suw ugurly taslamalarynyň 5-sini durmuşa geçirdiler. Mundan başga-da, Himiýa institutynyň alymlary we hünärmenleri howanyň, topragyň hem-de «Altyn asyr» Türkmen kölüniň suwunyň ýagdaýyny barladylar. Şunda olar «Kamaz» ýük ulagynyň binýadynda döredilen döwrebap göçme barlaghanany ulandylar. Ýeri gelende aýtsak, bu ulag Merkezi Aziýa sebitinde seýrek tehnikalaryň bridir. Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamany hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde, ozal bar bolan suw howdanlaryny giňeltmek, täze howdanlary, suw arassalaýjy desgalary, suw sowujy akabalary we beýleki desgalary gurmak boýunça degişli işler dowam etdirilýär. Ministrler Kabinetiniň 3-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalygyny ösdürmek, aýratyn-da, suw üpjünçiligini gowulandyrmak, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, täze ýerleri özleşdirmek çärelerini işjeňleşdirmegi tabşyrdy. Dünýäde emele gelen pandemiýa bilen baglanyşykly ählumumy meseleleriň çäklerinde bu wezipeleriň çözülmegi aýratyn möhüm bolup durýar. Biz daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribelerini ulanmak arkaly, önümçilige suw tygşytlaýjy tehnologiýalary has giňden ornaşdyrmalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de Garagum sährasynyň ekologiýa ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak maksatnamasyny durmuşa geçirmegi işjeňleşdirmegi tabşyrdy. Türkmenistanyň ilatynyň ýaryndan gowragy oba ýerlerinde ýaşaýar. Ilatyň 47 göterimi oba hojalygy pudagynda zähmet çekýär. Şeýlelikde, obasenagat toplumynyň ösdürilmegi ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna oňyn täsirini ýetirer. Şol bir wagtyň özünde «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň» amala aşyrylýan ýyllarynda diňe önümçilik pudagyna däl, eýsem, durmuş düzüminiň ösüşine hem kuwwatly itergi berildi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli, halkara ölçeglere gabat gelýän saglygy goraýyş edaralarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, medeniýet merkezleriniň, inženerçilik düzümine degişli desgalaryň gurulmagy ýerine ýetirilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň we bilimiň hiliniň ýokarlandyrylmagyna kömek etdi. Oba ýerlerindäki müňlerçe maşgala döwrebaplaşdyrylan, amatly ýaşaýyş jaýlaryna göçüp bardylar. Ýokarda agzalan maksatnama laýyklykda, şu ýylyň geçen alty aýynyň dowamynda maýa goýum serişdeleriniň 1 milliard 300 million manatlygy özleşdirildi. Iri desgalaryň 14-si, 509 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary, şol sanda bahasy 1 milliard manada golaý bolan ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary guruldy. Daýhanlaryň şahsy hojalyklarynda ösdürip ýetişdirýän azyk önümleriniň mukdary yzygiderli artýar. Ähli welaýatlarda döwrebap nusgalyk obalaryň döredilendigini bellemek ýakymlydyr. Onda her jaýyň 0,12 ýa-da 0,16 gektar mellek ýeri bar. Şol ýerde bag, ekin ösdürip ýetişdirmek, mal we guş saklamak üçin degişli desgany gurmak mümkinçiligi bar. Bir söz bilen aýdylanda, oba adamlary üçin gök hem-de miwe önümlerini ösdürip ýetişdirmek, et we süýt önümlerini öndürmek, özünden artygyny bazarda ýerlemek üçin, ahyrynda-da, halal zähmeti bilen goşmaça girdeji gazanmaga şert döredilendir. Häzirki ählumumy meseleleriň emele gelýän şertlerinde ýetilen sepgit bilen kanagatlanman, obasenagat toplumyny we ýurdumyzyň azyk pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler dowam etdirilmelidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde, obasenagat toplumynyň we welaýatlaryň ýolbaşçylary bilen wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatlarynda bu meselelere yzygiderli ünsi çekýär. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleriniň meýdanlary giňeldiler. Şolaryň güýzki görnüşlerini ekmek üçin jemi 21 müň gektara barabar ýer bölünip berildi. Oba hojalygynda dolandyryş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ylmyň gazananlaryny, dünýäniň bu ugurdaky öňdebaryjy tejribelerini, bazar gatnaşyklaryny ornaşdyrmagyň, hususy pudagy giňeltmegiň hasabyna toplumyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak boýunça degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda pudagyň gaýtadan işleýän senagatynyň täze önümçilik kuwwatlyklaryny, oba hojalyk pudagyny mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagatyny ösdürmek göz öňünde tutuldy. Mahlasy, bu işleriň hemmesi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Diýarymyzda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň hasabyna içerki bazarda haryt bolçulygyny üpjün etmek hem-de pudagyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak boýunça öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam eder.

Soňky habarlar
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
27.11
Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly
27.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
top-arrow