Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Logistika ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyk etmek boýunça wideomaslahatlar geçirildi
Ykdysadyýet
Logistika ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyk etmek boýunça wideomaslahatlar geçirildi
Çap edildi 28.07.2020
1187

Owganystanyň, Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň arasynda ulag we kommunikasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça üçtaraplaýyn iş toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Wideomaslahat görnüşinde geçirilen foruma bu ýurtlaryň ýokary wezipeli ýolbaşçylary gatnaşdylar. Şu iş toparynyň döredilmegi we transmilli ulag geçelgesini ösdürmek boýunça gepleşikleriň başlanmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň, Owganystanyň hem-de Azerbaýjanyň Liderleriniň şu ýylyň 2-nji iýulynda geçirilen üçtaraplaýyn wideoduşuşygynda beýan eden başlangyçlarynyň dowamy boldy. Şonda, hususan-da, döwlet Baştutanymyz geçelgeleriň we ýük daşamagyň işini kämilleşdirmek meselesini utgaşdyrjak Bitewi logistik merkezi döretmek baradaky başlangyjy öňe sürdi. Türkmenistan, Owganystan we Azerbaýjan Ýewraziýa yklymynyň strategik ýollarynyň çatrygynda ýerleşýär. Biziň döwletlerimiziň çägi arkaly gündogarda — Günorta Aziýa, Uzak Gündogara hem-de Aziýa — Ýuwaş umman sebitine; günbatarda — Hazar deňzi arkaly Gara we Ortaýer deňizlerine; günortada — Eýran arkaly Pars aýlagyna, şol ýerden bolsa dünýä ummanyna hem-de Ýakyn Gündogaryň ýurtlaryna; demirgazykda — Russiýa Federasiýasynyň üsti bilen Baltika deňziniň kenarlaryna, Gündogar we Günbatar Ýewropa çykalgalar bar. Geostrategik taýdan şeýle amatly ýerleşmegi ähli ugurlar boýunça durnukly ulag ýollaryny döretmek üçin uly mümkinçilikleri açýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Dünýäde dörän ýagdaýa hem-de ykdysady we ählumumy koronawirus pandemiýasy zerarly ýüze çykan kynçylyklara garamazdan, häzirki wagtda ýokarda agzalyp geçilen ugurlar boýunça ýükleriň daşalyşyny artdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. COVID-19-yň ýaýramagynyň ilkinji günlerinden başlap, giň geografik giňişlikde söwda-ykdysady gatnaşyklary üpjün edýän Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan ýaly möhüm ulag-üstaşyr geçelgesiniň durnukly işlemegi üçin şertler döredildi. Döwlet serhediniň geçiriş nokatlarynda girizilen çäklendirmelere garamazdan, Türkmenistanyň 2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda gol çekilen «Lapis Lazuli» üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakyndaky ylalaşyga esaslanyp, Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy we Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ýaly möhüm ugurlarda işi dowam etdi. Iş toparynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň ilkinji ädimi hökmünde Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan üçtaraplaýyn görnüşde logistik işi utgaşdyrýan düzümi döretmegiň mümkinçiligine garaldy, onuň guramaçylyk-hukuk ugry ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar şu ugur boýunça ýükleri daşamak üçin nyrh syýasaty meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar. Onuň esasyny ulag ulgamynda hyzmatdaşlyga gatnaşýan ähli ýurtlar üçin deň derejedäki ykdysady we maliýe şertlerini döretmäge bolan meýiller düzmelidir. Halkara ýük daşamagyň bazaryny we bäsdeşlige ukyply bahalaryň hem-de ýygymlaryň ýagdaýyny yzygiderli seljermek maksady bilen, üç ýurduň demir ýol, awtomobil, deňiz we howa ulaglary ulgamlarynyň edaralarynyň jogapkär wekillerinden iş toparyny döretmek teklip edildi. Wideomaslahata gatnaşyjylar birek-birege dürli ýeňillikleri bermegiň mümkin boljak gurallaryna-da garadylar. Şolaryň hatarynda üstaşyr geçirmegiň nyrhyny azaltmak, ýükler saklananda hyzmatlaryň käbir görnüşleri üçin töleglerden boşatmak ýaly ýeňillikler bar. Döwrebap, ýokary tehnologiýaly ulag düzüminiň bolmagy ýük daşamagyň netijeliligini ýokarlandyrmakda ägirt uly ähmiýete eýedir. Şuny nazara almak bilen, ýükleriň iberilýän we kabul edilýän nokatlaryna – deňiz portlaryna, demir ýol menzillerine hem-de awtomobil menzillerine mundan beýläk-de aýratyn üns bermek zerurdyr. Häzirki wagtda Türkmenistanda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maksada okgunly strategiýasy netijesinde bu ulgamda giň mümkinçilikler hem-de oňaýly şertler döredildi. Şeýlelikde, biziň ýurdumyz Owganystan hem-de Azerbaýjan bilen Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunda ýükleri açyk we ýapyk ammarlarda uzak möhletleýin saklamak babatda hereket edýän nyrhlary azaltmak, «Lapis Lazuli» geçelgesine gatnaşýan ýurtlardan gelýän ýükleri düşürmek hem-de ýüklemek amallaryny geçirmek boýunça hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryna garamaga taýýardyr. Türkmen-owgan serhediniň «Ymamnazar» gözegçilik-geçiriş nokadynda benzini we dizel ýangyjyny saklamak üçin täze toplum guruldy. Munuň özi Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan ugry boýunça türkmen ulag gatnawlaryny üpjün etmegiň möhüm ähmiýetli ugurlarynyň biri bolup durýar. Onuň terminallarynda nebit önümleriniň 44 müň tonnasyny gije-gündiziň dowamynda saklamaga mümkinçilik bar. Toplumyň geçirijilik ukyby ýylda 540 müň tonna nebit önümlerine barabardyr. Döwlet serhediniň şu bölegindäki «Serhetabat» geçiriş nokadynda hem harytlaryň we önümleriň üstaşyr geçirilmegi üçin amatly şertler bar. Biziň ýurtlarymyzyň arasynda ýükleriň uly möçberde bökdençsiz daşalmagyny üpjün etmek üçin Türkmenistan Owganystanyň çägindäki Akina we Turgundy ilatly ýerlerinde gury ýükleri daşamak üçin hem menzilleri döretmäge gatnaşmaga taýýardyr. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «Bitewi penjire» ýörelgesi boýunça gözegçilik ulgamyny ornaşdyrmagyň hasabyna gümrük amallaryny ýeňilleşdirmegiň zerurdygyny nygtaýar. Bellenilişi ýaly, deslapky gümrük maglumatlaryny alyşmak gümrük çärelerini ýönekeýleşdirmekde hem-de gümrük serhedi arkaly harytlaryň daşalyşyny we ulag serişdeleriniň gatnamagyny çaltlandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Türkmenistanda eýýäm «ASYCUDA World» gümrük maglumatlaryny dolandyrmagyň kompýuterleşdirilen ulgamy üstünlikli ulanylýar. Bu Owganystan Yslam Respublikasynyň gümrük departamenti tarapyndan-da ulanylýar. Munuň özi iki ýurduň gümrük gulluklarynyň arasynda maglumatlary alyşmak üçin maglumat ulgamlaryny birleşdirmäge mümkinçilik döredýär. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň gümrük edaralarynyň arasynda maglumatlary alyşmak boýunça degişli işler, şol sanda maglumat ulgamlarynyň tehniki şertleri boýunça işler alnyp barylýar. Duşuşygyň gün tertibine Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan ugrunyň sanly atlasyny taýýarlamak meselesi hem girizildi. Häzirki wagtda «Türkmenawtoulaglary» agentliginde ulag serişdelerini sanlylaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Bu işler ýeňil we ýük awtoulaglarynyň geçýän ýoly, tehniki ýagdaýy, ýangyjy sarp edişi baradaky maglumatlary bermek üçin olara GPS-trekerleri ornaşdyrmak arkaly amala aşyrylýar. «Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan Halkara awtomobil ulagy birleşigi (IRU) bilen şol GPS-trekerleri GPS monitoringiniň bitewi ulgamyna birleşdirmek meseleleri boýunça işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda, türkmen tarapynyň habar bermegine görä, elektron awtoulag kartoçkalaryny bermegiň ulgamy hem-de merkezleşdirilen maglumat binýady işlenip taýýarlanylýar. Oňa gelýän we üstaşyr geçýän daşary ýurt awtoulaglary barada ähli maglumatlar giriziler. Bu ulgam halkara gatnawlary amala aşyrýan ýurdumyzyň awtoulag serişdeleriniň monitoringini amala aşyrar. Munuň özi olaryň hereketine gözegçilik etmäge, serhetden geçilýän ýerde elektron çözgütleri resmileşdirmäge mümkinçilik berer. Mundan başga-da, «Türkmendemirýollary» agentligi tarapyndan demir ýol wagonlarynyň hereketine gözegçiligi amala aşyrmak ulgamyny kämilleşdirmek hem-de halkara ýük daşamakda beýleki amallary we hyzmatlary sanlylaşdyrmak boýunça işler güýçli depginde alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar üç ýurt üçin bitewi GIS kartasyny döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu karta geomaglumatly ulgamdyr. Ýagny giňişleýin we geografik maglumatlary ýygnamak, saklamak, seljermek hem-de olar bilen bagly zerur desgalarda, şol sanda demir we awtoulag ýollarynda hem-de menzillerde, deňiz portlarynda, howa menzillerinde, ýük meýdançalarynda, binalarda we beýleki düzümleýin desgalarda maglumatlary seljermek bilen baglanyşykly ulgamdyr. Iş toparynyň mejlisine gatnaşyjylar telekommunikasiýalar ulgamy boýunça özara gatnaşyklara-da üns berdiler. Häzirki wagtda biziň ýurdumyz möhüm taslamalaryň ikisini: Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň hem-de Hazar deňziniň düýbi boýunça Türkmenbaşy — Siazan ugry boýunça Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda optiki-süýümli kabel aragatnaşygy ulgamynyň gurluşygyny amala aşyrýar. Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamany üstünlikli durmuşa geçirmek üçin sanly wideoaragatnaşyk arkaly «Türkmentelekom» elektroaragatnaşyk kompaniýasynyň hem-de «Azertelecom» jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiniň tehniki toparlarynyň gatnaşmagynda tehniki maslahatlaryň birnäçesi geçirildi. Şol maslahatlaryň barşynda bilelikdäki taslama boýunça maglumatlary saklamak we işlemek üçin degişli serweri döretmek barada çözgüt kabul edildi. Şeýle hem «Türkmentelekom» elektroaragatnaşyk kompaniýasynyň we «Afghan Wireles Communication Company» kompaniýasynyň arasynda optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny gurmak hem-de sepleşdirmek boýunça teklip öňe sürüldi. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda täze telekommunikasiýa ulag ugruny döretmäge mümkinçilik berer. Bu meselelere Türkmenistan — Azerbaýjan ugry boýunça Hazar deňziniň düýbi boýunça suwasty optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny bilelikde gurmak, eýeçilik etmek we ulanmak boýunça iş toparynyň 28-nji iýulda geçirilen wideoduşuşygynda aýratyn garaldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow logistikany ösdürmäge, şol sanda halkara ulag geçelgelerini döretmäge we giňeltmäge aýratyn üns berýär. Bu meseleleriň üstünlikli çözülmegi döwletleriň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna, olaryň okgunly ösmegine ýardam eder.

Soňky habarlar
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
27.11
Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly
27.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
top-arrow