Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 25.07.2020
1832

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýadan, Beýik Britaniýadan we Owganystandan gelen telekeçiler ýokary dykyzlykdaky polietileni, polipropileni we ECO-93 awtobenzini («Türkmengaz» DK) satyn aldylar. Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri umumy bahasy ABŞ-nyň 11 million 506 müň dollaryndan gowrak bolan reňklenen tüýjümek önümleri, nah ýüplükleri satyn aldylar. Manat serişdelerine Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Ermenistandan hem-de Gazagystandan gelen işewürler jemi bahasy 3 million 146 müň manatlykdan gowrak bolan nah ýüplükleri satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin ýokary dykyzlykdaky polietileni («Türkmengaz» DK), el halylaryny we pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 70 million 250 müň manatdan gowrak boldy.

Soňky habarlar
20.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow