Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy Türkmenistanyň öňüni alyş çärelerini goldaýar
Jemgyýet
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy Türkmenistanyň öňüni alyş çärelerini goldaýar
Çap edildi 16.07.2020
2192

Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyndan ynsanperwerlik ýüki gelip gowuşdy. Bu hoşniýetli çäre BSGG-niň Türkmenistan bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de maý aýynda tassyklan ýurdumyzyň ýiti ýokanç keseline garşy göreşmäge hem-de dessin täsir etmek boýunça çäreleri kabul etmäge taýýarlygyny üpjün etmegiň meýilnamasyny goldamagyň çäklerinde ösdürmäge bolan islegi bilen şertlendirilendir. Halkara ynsanperwerlik ýüküniň ýany bilen gelen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekiliniň belleýşi ýaly, häzirki döwürde dünýä halklarynyň arasynda ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi aýratyn möhüm bolup durýar. Bu waka adamzadyň saglygyna wehim salýan howpa garşy bilelikde göreşmegiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýy nazara almak bilen, Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň pandemiýa garşy göreşmekde tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem, özüniň hem döwletleriň birnäçesine ýardam edýändigi bellenildi. Şu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň COVID-19-a garşy göreşmek maksady bilen geçirilýän ýokary derejeli forumlara işjeň gatnaşýandygyny bellemek gerek. Hususan-da, 2020-nji ýylyň maýynda milli Liderimiz Goşulyşmazlyk hereketiniň sammitinde ylmy diplomatiýany ilerletmek başlangyjy bilen çykyş edip, Alym-lukmanlaryň halkara geňeşini döretmegi teklip etdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktorynyň adyna iberen hatynda beýan edilen, görülýän öňüni alyş çäreleriniň toplumy hakynda maglumat biziň ýurdumyzyň koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça bilelikdäki tagallalara goşandynyň ähmiýetli mysallarynyň biri bolup durýar. Ozal habar berlişi ýaly, BMG-niň resmi dilleriniň altysynda çap edilen şol hat Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda howply ýokanjyň ýurdumyza aralaşmagynyň öňüni almak boýunça anyk çäreler döwlet derejesinde amala aşyrylýar. Hususan-da, ady agzalan milli meýilnama bilen bir hatarda, degişli dessin durmuş-ykdysady çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň edaralary bilen bilelikde üçünji milli meýilnamany işläp taýýarlamaga girişýär. Bu resminama COVID-19-a garşy göreşmek boýunça ýurdumyzyň görýän çäreleriniň ynsanperwer bölegini gurşap alýar. Ynsanperwer ýükleriň içinde wirus ýokanjyndan goranyş serişdeleri — lukmançylyk örtükleriniň 320 müňüsi, respiratorlaryň 130 müňüsi, ýüz örtükleriniň 88 müňden gowragy, äýnekleriň 18 müňden gowragy hem-de halatlaryň 12 müňden gowragy bar. Bu serişdeler ýiti pnewmoniýany döredýän ýokanç keselden goranmak üçin zerurlygyň ýüze çykan halatynda hünärmenleriň peýdalanmagy üçin lukmançylyk edaralaryna gowşurylar hem-de paýlanylar. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekili ynsan saglygyny ähli zatdan belentde tutýan we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berýän hormatly Prezidentimize tutuş adamzat ähmiýetli alyp barýan işleri üçin hoşallyk bildirdi hem-de bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda bolup görmek mümkinçiliginiň dörändigine örän şatdygyny aýratyn nygtady.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow