Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Täze şäherleriň we obalaryň gurluşygy Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň nyşanydyr
Ykdysadyýet
Täze şäherleriň we obalaryň gurluşygy Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň nyşanydyr
Çap edildi 13.07.2020
3374

Ministrler Kabinetiniň 3-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde 2020-nji ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine seredildi. Ol milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginde ösýändiginiň hem-de ähli esasy pudaklarynyň durnukly ösüş derejesini saklaýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň möçberli maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde esasy ugurlaryň birini eýeleýän gurluşyk ulgamyna uly orun degişlidir. Bu pudaga goýberilýän ägirt uly maýa goýumlary, ýurdumyzda döredilen oňyn maýa goýum syýasaty hem-de telekeçiligi goldamak boýunça netijeli döwlet goldawy şähergurluşyk syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagyny şertlendirdi. Şonuň netijesinde, tutuş ýurdumyz boýunça her ýyl dürli maksatly ýüzlerçe binalar gurulýar hem-de durky täzelenilýär. Gurluşyk pudagynyň toplumlaýyn ösdürilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe taslamalaryň gerimini giňeldýär. Bu gün diňe bir ajaýyp ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda däl, eýsem, iň bir uzakdaky sebitlerde hem örän gysga möhletde kaşaň binagärçilik toplumlary, döwrebap edara binalary, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilen iri önümçilik kärhanalary gurulýar. “Biz täze şäherleriň we şäherçeleriň gurluşygyna giň gerim bilen girişdik hem-de emele gelen ýagdaýa garamazdan, bu işleri dowam ederis” diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nygtap, degişli ýolbaşçylara gurluşyk işleriniň ýagdaýyna seljermäni çaltlaşdyrmagy we 2021-nji ýyl üçin bu ugurdaky täze maksatnamany kesgitlemegi tabşyrdy. Bellenilişi ýaly, koronawirus pandemiýasynyň ýurdumyzyň içerki we daşaky ykdysady işjeňligine ýetirýän ýaramaz täsirine garamazdan, statistiki maglumatlar dünýä ykdysadyýetindäki meseleler bilen bagly Hökümetimiziň netijeli çäreleri görýändigini subut edýär. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary bilen geçýän toý ýylynda ýene-de köp sanly binalaryň açylyşlary garaşýar. Olar ählihalk baýramçylygyna ýatdan çykmajak sowgat bolar. Milli Liderimiz desgalaryň gurluşygynyň giň gerimde we ýokary depginde dowam edýändigini belläp, birinji ýarym ýylda ýurdumyzda bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 2,5 müňe golaý iri desganyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny aýtdy. Güýçli depginde alnyp barylýan gurluşyk işleri soňky ýyllarda ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrülen eziz Watanymyzyň bedew bady bilen ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Adamlaryň ýaşaýşynyň ýokary derejesini hem-de döredijilikli zähmet çekmegini, oňaýly durmuş we dynç alyş şertlerini döretmegi üpjün etmäge gönükdirilen Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmäge ilkinji derejeli ähmiýet berilýär. Bu maksatnamalaýyn resminamada bellenilen wezipelere laýyklykda, sebitlerde hormatly Prezidentimiziň yglan eden «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň durmuşa geçirilmeginiň hakyky beýanyna öwrülen täze obalar kemala gelýär. Milli Liderimiz ýurdumyzyň welaýatlaryna yzygiderli iş saparlaryny amala aşyryp, oba ilatynyň durmuş-ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen özgertmeleriň barşy bilen ýerinde tanyşýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde geçen alty aýda ýurdumyzda şu maksatlar bilen 1 milliard 300 million manat möçberde düýpli maýa goýumlarynyň özleşdirilendigini belledi. Geçen ýarym ýylyň dowamynda iri desgalaryň 14-si, umumy meýdany 509 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary, şol sanda bahasy 1 milliard manada golaýlaýan ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary esasynda senagat-önümçilik maksatly desgalar, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdeplerdir dükanlar we beýleki durmuş maksatly desgalar göz öňünde tutulan möçberde işe girizildi. Täze obalaryň gurluşygy biziň döwrümiziň, türkmen topragynyň ähli künjeklerini gurşap alan düýpli täzeleniş we giň gerimli özgertmeler eýýamynyň häsiýetli aýratynlygydyr. Olar döwletiň şäherlere mahsus bolan amatlyklar ýaly, oba ýerlerinde hem şeýle şertleri döretmäge jogapkärli çemeleşmesiniň özboluşly görkezijisidir. Başgaça aýdylanda, welaýatlarda we etraplarda ilatyň zähmet çekmegi, okamagy, dynç almagy, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy, söwda, dynç-alyş hem-de sagaldyş gulluklarynyň häzirki zaman hyzmatlaryndan peýdalanmagy üçin şertler döredilýär. Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan gurluşyk işleri hem munuň aýdyň mysalydyr. Bu ägirt uly taslama hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda ähmiýetli ädim boldy. Häzirki wagtda bu ýerde maksatnama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň «Türkmenistan» hem-de «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banklarynyň, «Halkbankyň», «Senagat» paýdarlar-täjirçilik bankynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň senagat hem-de aragatnaşyk, söwda, oba hojalyk, gurluşyk, energetika toplumlarynyň, jemagat hojalygynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň edara binalary gurulýar. Mundan başga-da, ýokary amatlykly 7 we 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, «Bagt köşgi», pudaklaýyn edaralaryň, şonuň ýaly-da, orta hünär okuw mekdepleriniň, ýörite sungat mekdebiniň, çagalar sungat mekdebiniň, umumbilim berýän mekdepleriň we mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň, saglyk öýleriniň binalarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Şeýle hem täze welaýat merkezinde stadion, Halkara atçylyk ýokary mekdebi we durmuş hem-de önümçilik ähmiýetli beýleki dürli desgalar peýda bolar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda aýratyn ähmiýetli meselä öwrülen daşky gurşawy goramak babatyndaky meseleleriň oňyn çözülmegine uly ähmiýet berýär. Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýändigini göz öňünde tutmak bilen, şol gözellikleri ilkbaşdaky görnüşinde saklamak üçin häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ulanmak maksat edinilýär. Onuň netijesinde bolsa täze şäher ekologiýa we medeniýet babatynda hakykat ýüzünde nusgawy şäher bolar. Şähergurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi, sebitleriň toplumlaýyn senagatlaşdyrylmagy milli ykdysadyýetimizi we hususyýetçiligi köpugurly ösdürmek meselelerine gönükdirilendir. Bu bolsa mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder. Adam we onuň abadançylygy hakynda aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda goýmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün edilmegi üçin toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyna möhüm üns berýär. Şeýlelikde, geljek ýyl üçin Döwlet býujetini taýýarlamak meselesine degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynda her etrapda we şäherde mätäçlik çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga serişdeleri hökman göz öňünde tutmalydygyny aýratyn belledi. Diýarymyzda gurulýan ähli desgalaryň binagärligiň milli däplerini hem-de dünýäniň şähergurluşygynyň häzirki meýillerini özünde sazlaşykly utgaşdyryp, ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň döwür bilen aýakdaş gadam basyp, iň gowy dünýä tejribesini hem-de häzirki zamanyň talaplaryny nazara alýandygyna şaýatlyk edýändigini bellemek gerek. Hökümetiň mejlisinde beýan edilen statistika maglumatlaryna laýyklykda, şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda gurluşyk-senagat toplumynda önüm öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 112,8 göterim berjaý edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, ösüş 118,9 göterime deň boldy. Hususan-da, Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 107,7 göterim artyp, meýilnama 107,4 göterim berjaý edildi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, beýleki möhüm ugurlara — bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak hem-de ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň öndürýän önümleriniň görnüşlerini artdyrmak, onuň önümçilik we ylmy-tehniki kuwwatyny pugtalandyrmak, hojalygy dolandyrmagyň netijeli görnüşlerini ornaşdyrmak, şol sanda hususy telekeçileriň gatnaşmagynda ornaşdyrmak ýaly ugurlara hem uly üns berilýär. Gurluşyk pudagynyň telekeçilik işinde batly gadamlar bilen ösýän ugurlaryň birine öwrülendigini aýratyn bellemek gerek. Ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny gurmagyň giň gerimli taslamalarynda hususy şereketleriň—Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň paýy ýylsaýyn artýar. Ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleri toplumlaýyn özgertmeleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmak bilen, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň berkidilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Şu ýylyň 25-nji maýynda geçirilen «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly XIX halkara sergisi ýurdumyzda şähergurluşyk, binagärlik hem-de şäher düzümini kemala getirmek babatda gazanylan üstünlikleri, toplanan tejribäni hem-de hyzmatdaşlygyň geljegini aýdyň görkezdi. Her ýyl geçirilýän sergi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçirýän özgertmeleriniň gerimini aýdyň görkezip, olar ýurdumyzyň hem-de onuň ösüşiň we rowaçlygyň belentliklerine tarap okgunlylygynyň nyşanyna öwrülen ak mermerli paýtagtynyň keşbinde öz beýanyny tapdy. Şu ýyl öz mümkinçiliklerini, öndürýän önümleriniň hilini hem-de hödürleýän hyzmatlarynyň köpdürlüligini daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň 70-den gowrak eksponentleri görkezdi, olaryň hatarynda şereketleriň hem-de kompaniýalaryň, hususy telekeçileriň onlarçasy bar. Sergide görkezilen innowasion taslamalaryň agramly bölegi Watanymyzyň şäherleriniň ösüşine täzeçe garamagy talap edýär, zehinli binagärleriň özboluşly pikirleri ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny tassyklaýar. Sergi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz mähriban halkynyň bagtyýarlygynyň bähbidine başyny başlan hem-de ýolbaşçylygynda alnyp barylýan şähergurluşyk syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Bu ýerde görkezilen döwrebap gurluşyk we timarlaýyş serişdeleriniň giň görnüşleriniň sergä gatnaşyjylarda we onuň myhmanlarynda aýratyn gyzyklanma döredendigini bellemek gerek. Ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdelerini öndürýän we sazlaşykly ösüş ýoluna düşen pudagyň düýpli we ýaşaýyş jaý gurluşyk bilen bir hatarda, döwlet goldawyna eýe bolmagy hem tötänden däldir. Çünki bu pudaga ýurdumyzyň welaýatlarynyň ykdysadyýetini ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde garalýar. Ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň kuwwaty ýylsaýyn artýar. Ahal welaýatynyň Owadandepe senagat zolagynda döredilýän kuwwatly gurluşyk pudagy munuň aýdyň mysalydyr. Bu ýerde eýýäm demir we armatura öndürýän «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasy, iri gazbeton zawody, mermer we granit işläp bejerýän, «Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, Merkezi Aziýada aýna öndürýän iri «Türkmenaýnaönümleri» kärhanasy üstünlikli işleýär. Şolarda öňdebaryjy tehnologiýalar ulanylýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ulanylmaga berilýän döwrebap kärhanalar halkara hil ölçeglerine laýyk gelýän bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşlerini çykarmaga niýetlenendir. Ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň döwrebap toplumlarynyň öndürýän önümleriniň sanawynda diwarlyk paneller hem-de ýokary mäkämligi, seýsmiki durnuklylygy we gowulandyrylan ulanyş häsiýetnamalary bilen tapawutlanýan armirlenen bloklar, plitalar, sement, kerpiç, keramzit, magdan däl gurluşyk serişdeleri, metal gurnamalary, ýygnalýan demirbeton önümleri, plastmassa we aýna süýüm turbalar bar. Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilişi ýaly, şu ýylyň alty aýynda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 105,5 göterim berjaý edildi. Ösüş bolsa 109,2 göterime barabar boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze gurluşyk desgalaryny zerur gurluşyk serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekmek bilen, kuwwatly senagaty döretmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de türkmen topragynyň baý ýerli çig mal serişdelerini giňden özleşdirmek boýunça işleri çaltlandyrmagyň möhümdigini belleýär. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, gazylyp alynýan peýdaly zatlaryň täze ýataklaryny ýüze çykarmak maksady bilen geologiýa gözleg işleri işjeň alnyp barylýar. Olar geljekde ýurdumyzda hem-de daşary döwletlerde uly isleg bildirilýän gurluşyk serişdelerini we beýleki önümleri çykarýan täze önümçilik toplumlary üçin çig mal bolup hyzmat eder. Mahlasy, maýa goýum-gurluşyk toplumy ileri tutulýan maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmakda has ähmiýetli orny eýeleýär. Şol maksatnamalar köp pudakly milli ykdysadyýetimizi has-da ösdürmegi, baý tebigy serişdeleriniň doly ulanylmagyny, sebitleri toplumlaýyn özgertmegi ugur edinýär. Watanymyzy ösdürmek hem-de halkymyzyň abadançylygy baradaky alada milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde bolup, giň gerimli özgertmeler syýasatynyň başyny başlamagy netijesinde, ýurdumyz ähli ugurlarda uly üstünlikleri gazandy hem-de öz bagtly geljegine ynam bilen garaýar.

Soňky habarlar
28.11
Azyk howpsuzlygynyň bähbidine halkara hyzmatdaşlyk
28.11
Bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
28.11
Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
27.11
Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly
27.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
top-arrow