Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 12.07.2020
1856

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 72-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Şotlandiýadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, suwuklandyrylan gazy, nebit ýol bitumyny satyn aldylar. Russiýadan we beýlekilerden gelen täjirler ýokary dykyzlykdaky polietileni, şeýle hem «Türkmenhimiýa» Döwlet konserninde öndürilen karbamidi satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna düz boýalan we tüýjümek önümler, jinsi matalar, nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlara Russiýa, BAE, Türkiýe, Azerbaýjan, Gyrgyzystan degişlidir. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 37 million 334 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirliklerinden, Pakistandan, Owganystandan, Ermenistandan gelen işewür toparlaryň wekilleri jemi bahasy 17 million 850 müň manatdan gowrak bolan el halylaryny, buýan köküniň şiresini hem-de nah ýüplügi satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 8 million 380 müň manatdan gowrak ýokary dykyzlykdaky polipropileni we polietileni («Türkmengaz» DK) we pagta süýümini satyn aldylar.

Soňky habarlar
20.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow