Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň we RF-iň Astrahan oblastynyň ugurdaş hünärmenleri özara söwdanyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň we RF-iň Astrahan oblastynyň ugurdaş hünärmenleri özara söwdanyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar
Çap edildi 02.07.2020
1659

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri wideomaslahat aragatnaşygy arkaly «Астраханская Торгово-промышленная палата» Birleşiginiň (Russiýa Federasiýasy) wekilleri bilen gepleşikler geçirdiler. Onlaýn-duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygy giň ugurlar boýunça işjeňleşdirmek barada pikir alşyldy we ýurdumyz bilen RF-iň Astrahan oblastynyň arasynda özara söwdany ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Ara alnyp maslahatlaşylan meseleleri anyklaşdyrmak üçin taraplar öndürýän önümleri hakda widoşekilleri görkezdiler. Hususan-da, Astrahanyň «Гранд Фиш» APJ kompaniýasy gallanyň we beýleki dänelik ekinleriň tohumlary bilen tanyşdyrdy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri bolsa oba senagat toplumynyň we dokma senagatynyň önümleriniň wideokatalogyny görkezdiler. Taraplat olary ibermegiň anyk meselelerine gyzyklanma bildirdiler. Şu jähtden iki ýurduň wekilleri Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň we Astrahanyň «Оля» portunyň logistika mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem özara gyzyklanma bildirýän gatnaşyklary dowam etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Soňky habarlar
20.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow