Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň öňündäki meýdançada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti boldy. Häzirki zamanyň görnükli jemgyýetçilik we syýasy işgäri, oňyn başlangyçlary öňe sürýän, adamzadyň ählumumy meseleleriniň çözgüdine täzeçil çemeleşmeleri taýýarlaýan milli Liderimiz halkara bileleşikde ýokary abraýa eýedir. Ýurdumyzda emele gelen asudalyk, durnuklylyk, parahat durmuş, halkymyzyň sazlaşykly ösýän döwletimiziň geljegine bolan pugta ynamy, halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy hormatly Prezidentimiziň durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar. Türkmenistan milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda dünýäniň sazlaşykly ösýän ýurtlarynyň hatarynda öz ornuny pugtalandyryp, öňe tarap ynamly gadam urýar. Bu bolsa döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň, üstünlikli durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň we milli ykdysadyýetimiziň döwrebaplaşdyrylmagyny, senagatlaşdyrylmagyny esasy ugur edinýän syýasatynyň ösüşiň täzeçil ugruny nazarlaýandygyny alamatlandyrýar. Döwlet medeniýet merkeziniň baýramçylyk äheňinde bezelen meýdançasynda “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylynyň şygaryny dabaralandyrýan konsert boldy. Bu künjekde Köpetdagyň ajaýyp dag gerişleri, Garaşsyzlyk binasy we gün-günden gözelleşýän paýtagtymyzyň nurana keşbi görünýär. Şu gün meýdançanyň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Ýaşyp barýan Günüň şöhleleri binalaryň yşyklandyryş ulgamy, suw çüwdürimleriniň öwüşgini bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirip, bu ýerde özboluşly baýramçylyk ýagdaýyny we belent dabara beslenýän görnüşleri emele getirdi. Soňra «Arkadagym diýip belent ýaňlanýar, milletiň alkyşy — halkyň söýgüsi» atly aýdym-sazly çykyş baýramçylyga gatnaşýanlaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde has-da joşgunly ýaňlandy. Ol halkymyzyň Gahryman Arkadagyna bolan ählumumy söýgüsiniň we milli Liderimiziň bitirýän işlerine, dünýä ýüzündäki belent abraýyna buýsanjynyň beýanyna öwrüldi. Uly ekranda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şanly wakalaryny, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistany hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça alyp barýan işlerini, milli Liderimiziň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny we dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýan oňyn başlangyçlaryny açyp görkezýän görnüşler peýda boldy. Ýurdumyzyň çagalar döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren «Parahatlyk buşlukçysy» atly aýdym-sazly, tansly çykyşlarynda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Watanymyzyň gülläp ösmegi, parahatçylygyň berkarar bolmagy baradaky arzuwlar öz beýanyny tapdy. Baýramçylyk konserti meşhur sazandalaryň, estrada aýdymçylarynyň we tans toparlarynyň täsirli çykyşlary bilen dowam etdi. Şeýle hem bu ýerde mähriban Watanymyzyň üstünliklerini, onuň tebigy gözelligini we berkararlygyny wasp edýän täze döredilen aýdymlar ýaňlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine döredilen ajaýyp aýdymlar konserte tomaşa edýänler üçin özboluşly baýramçylyk sowgadyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň ýüreklere ornan «Leýlisaç barada rowaýat» atly aýdymy eşidilende, konserte tomaşa edýänleriň kalbyny ýakymly duýgular gaplap aldy. Ganatly aýdym uçýan guş mysaly özüniň hoş owazy bilen kalplara ýol saldy. Munuň özi eseriň çeperçilik derejesiniň nusgalykdygyny äşgär edýär. Hormatly Prezidentimiziň «Ak güllerim saňa» atly nurana aýdymy päk söýginiň dabaralanmasy bolup, ol dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy. Bu aýdymyň çuňňur mana eýlenen sözleri, hoş owazly sazy baharda parç bolan al-elwan gülleri ýatladýar. Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden «Ýadymda» atly aýdymy eşidilip başlanandan şat owaz güneş nury bolup seçildi. Ol gözellige, belent duýgulara teşne köňüllere serpaý bolup ýapylýar. Aýdymyň nuranalygy, aýdyňlygy bagtyň owazy bolup ýaňlanýar. Şeýle hem aýdym-saza muşdaklaryň kalbynda ymykly orun alan «Bagt nury» atly aýdym ynsan göwünlerini joşdurdy. Aýdylyşy ýaly, ajaýyp aýdymlar kalba ganat bekleýär, bagtyýarlyk döwrümiziň senasyna öwrülýär. Döwlet Baştutanymyzyň sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine aýratyn gadyr goýýandygy hemmelere mälimdir. Milli Liderimiziň sözlerine, döwlet Baştutanymyzyň agtygy Kerimiň sazyna döredilen «Sportly Türkmenistan» atly aýdym özüniň belent ruhy, joşgunly owazy bilen tomaşaçylary, ony diňleýänleri beýik ýeňişlere ruhlandyrýar. Ajaýyp aýdymyň yzysüre ýaňlanan, mähriban Arkadagymyzyň sözlerine, Kerim Berdimuhamedowyň sazyna döredilen “Rowaç” aýdymy dünýä ýüzünde belent şöhrata eýe bolan ahalteke bedewleriniň çeýeligine, gözelligine, ynsan gylykly häsiýetine bagyşlanýar. Meýdançada oturdylan äpet monitorlar arkaly Daşkentden Özbegistan Respublikasynyň medeniýet ministri Ozodbek Nazarbekow göni wideoaragatnaşyga çykdy. Ýakynda dostlukly ýurduň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ada mynasyp boldy. Dabaraly ýagdaýda Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa degişli Permany okady. Ozodbek Nazarbekow özüne bildirilen ýokary hormat üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdy. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň eşretiniň we gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan döwletli tutumlarynda täze uly üstünlikleri arzuw etdi. Türkmenistanyň at gazanan artisti, Özbegistan Respublikasynyň medeniýet ministri sowgat hökmünde wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň halk artisti D.Rahmanowa bilen bilelikde söýgi aýdymyny ýerine ýetirdi. Aýdym baýramçylyk konsertine gatnaşýanlar tarapyndan joşgunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Şeýle hem Kerim Berdimuhamedowyň döreden sazlar çemeninde, ýagny “Meniň ülkäm” hem-de «Toý waspy» diýlip atlandyrylan sazlarda saz döredijiniň pikirlenişiniň ajaýyplygy şöhlelenip, olar belent ruha baý boldy. Kerim Berdimuhamedow ýiti zehini, köpugurly ukyp-başarnygy bilen ýaşlygyndan tanaldy. Atasynyň göreldesinden ruhlanyp, nusgalyk sungat eserlerini döretmek ugrunda yhlas edýän Kerimiň sazlary, aýdymlary halk tarapyndan uly gyzyklanma bilen diňlenilýär. Munuň özi halkymyzyň gadymdan gelýän halypa-şägirt ýörelgesi babatda hem Gahryman Arkadagymyzyň şahsy görelde görkezýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysalydyr. Ýakynda hem döwlet Baştutanymyz agtygy Kerim bilen paýtagtymyz boýunça welosipedli ýörişi amala aşyranda, Kerim özüniň türkmen tebigatyna, onuň ajaýyplygyna we ynsan ruhuna edýän täsirine bagyşlanan saz eserini döretmegi maksat edinýändigi barada atasyna gürrüň berdi. Şonda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tebigata bagyşlanan eseriň tebigatyň özi ýaly joşgunly, bag-bossanlar deý gözel, çeşmeler deý şirin, sähralar ýaly seleň bolmalydygyny agtygyna ündew etdi. Atasynyň öwüt-ündewinden ruhlanan Kerim soňra halypa mugallymlary bilen maslahatlaşyp, olaryň pikirlerini diňledi. Saz eserleriniň üstünde işledi. Şeýlelikde, gözel ülkämizi, tutumly toýlary wasp edýän ganatly sazlar döredi. Konsertiň ahyrynda baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine hem-de agtygy Kerimiň sazyna döredilen “Arzuw” diýen aýdym ýaňlandy. Ýurdumyzyň durmuşynyň häzirki döwrüni beýan edýän wideoşekiller arkaly baýlaşdyrylyp görkezilen aýdym konserte gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan ýerine ýetirildi. Milli Liderimiziň eseriniň esasy mazmunynda gazanylan üstünlikler bilen hiç haçan çäklenmän, barha ösüp we kämilleşip, döredijiligiň we rowaçlygyň ýolunda täze mümkinçilikleri we gözýetimleri açmaga çagyryş jemlenýär. Arzuwlar hasyl bolýar, olara barýan ynamly ýola eýerip, öz öňüňde aýdyň ugurlary hem-de anyk maksatlary görmek bilen şol arzuwlara ýetilýär. Duýgulara baý owadan owazly aýdym baýramçylyk çäresine gatnaşyjylaryň ählisiniň kalbynda çuňňur täsir döredip, joşgunly duýgulary goýdy. Munuň şeýledigine agzybirlikli el çarpyşmalar şaýatlyk etdi. Şeýlelikde, baýramçylyk konsertinde Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine möhüm döwlet işini alyp barýan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa alkyşlar belentden ýaňlandy.