Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmen talyplarynyň halkara ders bäsleşiklerinde gazanan nobatdaky üstünligi
Jemgyýet
Türkmen talyplarynyň halkara ders bäsleşiklerinde gazanan nobatdaky üstünligi
Çap edildi 21.08.2015
2036

Türkmen talyplary Eýran Yslam Respubilkasynyň Hemedan şäherinde geçirilen talyplaryň matematika boýunça 16-njy, himiýa boýunça 8-nji hem-de statistika boýunça 2-nji halkara bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdiler. 2015-nji ýylyň 15-19-njy awgusty aralygynda guralan ders bäsleşiklerine Eýran Yslam Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Hindistan Respublikasyndan, Yrakdan, Omandan, Şri-Lankadan, Türkmenistandan jemi 60-dan gowrak zehinli talyplar gatnaşdy. Biziň ýurdumyza Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary wekilçilik etdiler. Matematika boýunça 16-njy halkara ders bäsleşiginde Magtymguly adyndaky Türkmen dölet uniwersitetiniň matematika fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Pälwan Agamyradow, himiýa boýunça 8-nji halkara ders bäsleşiginde bolsa şu uniwersitetiň himiýa – biologiýa fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Eziz Naryýew bürünç medallara mynasyp boldular. Toparlaýyn bäsleşikde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary statistika boýunça halkara ders bäsleşiginde 2-nji orny, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa-biologiýa fakultetiniň talyplary bolsa himiýa boýunça 3-nji orny eýelediler. Berilýän ýumuşlaryň örän çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýan bu halkara ders bäsleşiklerinde talyplarymyzyň gazanan üstünligi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýrdumyzda bilim ulgamyny ösdürmäge, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilimleri özleşdirmäge gönükdirilen ylym-bilim syýasatynyň dabaralanýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow