Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatry täze işini - «Nejep oglan» operasyny görkezdi
Medeniýet
Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatry täze işini - «Nejep oglan» operasyny görkezdi
Çap edildi 26.06.2020
6862

Medeniýet hepdelig-2020-niň maksatnamasynyň çäklerinde şu gün Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda «Nejep oglan» operasynyň ilkinji gezek görkezilişi boldy. Ol adybir dessan boýunça sahnalaşdyrylyp, türkmen halk sazlary mekdebi hem-de öz ömrüni milli aýdym-saz däplerini saklamaga we öwrenmäge bagyşlan dessançy-bagşylar barada gürrüň berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň «Türkmen medeniýeti» diýen edebi işinde saz sungatynyň ägirt uly ähmiýetini türkmenleriň ruhy mirasy hökmünde açyp görkezýär, halkymyzyň kalbyny we dünýägaraýşyny şöhlelendirýän her bir halk eseriniň täsinligini nygtaýar. Taryhy köklerimize sarpa goýmaga ýugrulan hem-de bagşyçylyk sungatynyň geljeginiň has-da nurana boljakdygy barasynda ynama guwanja beslenen täze sahna oýnunda ussatlar bilen birlikde, ýaş artistler hem hereket edýärler.

Soňky habarlar
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen
top-arrow