Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Medeniýet hepdeligi — 2020: bäşinji gün
Medeniýet
Medeniýet hepdeligi — 2020: bäşinji gün
Çap edildi 26.06.2020
3609

Şu gün Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň zalynda ýurdumyzyň muzeýleriniň we döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň işgärleriniň maslahaty geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň 2011-nji ýylda gurlan bu iri muzeýi öz binagärlik keşbinde ajaýyp milli binagärlik däplerini jemleýär. Bu ýerde arheologiýa we etnografiýa sergileri, şekillendiriş sungatynyň galereýasy, tebigy gözelliklere hem-de welaýatyň häzirki zaman gazananlaryna bagyşlanylan sergi bölümleri ýerleşýär. Muzeýiň gaznalarynda jemi sekiz müňden gowrak gymmatlyklar jemlenendir. Taryhy-medeni ýadygärlikleri hem-de halkymyzyň maddy däl mirasyny gorap saklamak we öwrenmek hormatly Prezidentimiz tarapyndan jemgyýetimiziň ruhy hem-de aň-paýhas kuwwatyny baýlaşdyrmak baradaky döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi. Bu ulgamda giň gerimli maksatnamalary amala aşyrmakda ýurdumyzyň muzeýlerine we döwlet taryhy-medeni goraghanalaryna uly orun berilýär. Şolar, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn nygtaýşy ýaly, bahasyz gymmatlyklary diňe bir gorap saklaýjy bolmaga däl, eýsem, iri ylmy merkezler hem bolmaga gönükdirilendir. Häzir döwletimiziň olara ählitaraplaýyn, şol sanda maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça goldaw berýändigini bellemek gerek. Soňky ýyllarda paýtagtymyzda we welaýatlarda gymmatlyklaryň saklanylmagyny üpjün etmek, olaryň hasabyny ýöretmek, öwrenmek hem-de täzeden dikeltmek üçin ýöriteleşdirilen enjamlar bilen enjamlaşdyrylan muzeýleriň häzirki zaman binalary guruldy. Maslahata gatnaşyjylar muzeýleriň hem-de ýurdumyzyň döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň işlerini kämilleşdirmek, ugurdaş ulgama sanly tehnologiýalaryň, şol sanda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän ýadygärlikleri wirtual modelirlemegiň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen topragynda saklanyp galan gadymy galalar, kerwensaraýlar häzir hem dünýäniň alymlarynda gyzyklanma döredýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan häzirki zaman şertlerinde Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldip, sebitiň ulag-logistika ulgamynyň işjeňleşdirilmegi, halkara syýasy, ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýmak ugrunda çykyş edýär. Hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek hem-de deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guralan şeýle gatnaşyklaryň ösüşinde öňdebaryjy sanly tehnologiýalar arkaly kerwen ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy ýadygärlikleriň wirtual taýdan dikeldilmegi olary öwrenmäge hem-de wagyz etmäge täzeçe çemeleşmekde aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Maslahata gatnaşyjylar häzirki zamanyň tehnologiýalaryny muzeýleriň işine giňden gönüden-göni ornaşdyrmak, muzeý gymmatlyklarynyň hasabyny ýöretmegiň elektron binýadyny döretmek, sanlylaşdyrmagyň kömegi bilen gadymy şäherleriň taryhy landşaftyny öwrenmek baradaky we beýleki meselelere degip geçdiler. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň muzeýleriň hem-de kitaphanalaryň gaznalarynyň üstüni täze tapyndylar bilen artdyrmak baradaky görkezmelerini berjaý etmek bilen, bu ulgamyň işgärleri ähli welaýatlaryň çäklerinde gözleg iş saparlarynda boldular. Netijede, gadymy döwürlerde ýerli ilatyň durmuşyny beýan edýän gymmatlyklar, şol sanda hünärmentçilik önümleriniň we el işleriniň nusgalary, taryhy gymmatlyga eýe bolan öý durmuşynda ulanylan esbaplar tapyldy. Daşoguz welaýatynyň muzeýine gadymy keçeler we dokma gurallary, agaç tabak, syrça bilen örtülen gadymy kerpiçleriň bölekleri, ýag juwazy, däne we suw saklamak üçin gaplar berildi. Bu tapyndylar şu gün bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergide görkezildi. Gymmatlyklaryň hatarynda ýakynda Köneürgenjiň çäklerinde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan nagyşlanan gyzylymtyl-goňur plitkalar hem-de maýolikaly örtgüli diwar bezeginiň uly bolmadyk bölekleri bar. Medeniýet hepdeligi — 2020-niň maksatnamasynyň çäklerinde şu gün Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda «Nejep oglan» operasynyň ilkinji gezek görkezilişi boldy. Ol adybir dessan boýunça sahnalaşdyrylyp, türkmen halk sazlary mekdebi hem-de öz ömrüni milli aýdym-saz däplerini saklamaga we öwrenmäge bagyşlan dessançy-bagşylar barada gürrüň berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň «Türkmen medeniýeti» diýen edebi işinde saz sungatynyň ägirt uly ähmiýetini türkmenleriň ruhy mirasy hökmünde açyp görkezýär, halkymyzyň kalbyny we dünýägaraýşyny şöhlelendirýän her bir halk eseriniň täsinligini nygtaýar. Taryhy köklerimize sarpa goýmaga ýugrulan hem-de bagşyçylyk sungatynyň geljeginiň has-da nurana boljakdygy barasynda ynama beslenen täze sahna oýnunda, ussatlar bilen birlikde ýaş artistler hem çykyş edýärler. Ertir, ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününde baýramçylyk konserti hem-de döredijilik forumynyň ýapylyş dabarasy geçiriler.

Soňky habarlar
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky çykyşy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
top-arrow