Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Galla oragynyň ýokary depginleri
Ykdysadyýet
Galla oragynyň ýokary depginleri
Çap edildi 26.06.2020
1708

Türkmenistanyň ähli sebitlerinde galla oragynyň depginleri barha güýçlenýär. 26-njy iýunda ýene-de ýedi etrap döwlete bugdaý tabşyrmak baradaky borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Ahal welaýaty şu möwsümde öňdäki orunlary eýeleýär. Babadaýhan etrabynyň ekerançylary 58 müň tonnadan gowrak däne ýygnap, zähmet ýeňşi barada hasabat berdiler. Ýurdumyzyň gündogar sebitiniň Saýat etraby hem döwlet tabşyrygyny berjaý etdi. Çylşyrymly, emma sazlaşykly işleriň netijesinde etrabyň gallaçylary 46 müň tonnadan gowrak bugdaý ýygnadylar. Mary welaýatynyň kärendeçileri zähmet üstünliklerini dowam edýärler. Sakarçäge etrabynyň gallaçylary kabul ediş nokatlaryna 45 müň 200 tonnadan gowrak bugdaý tabşyrdylar, Murgap etrabynda bu görkeziji 41 müň 200 tonnadan gowrak boldy. Ýerli howa şertleriniň aýratynlyklaryna laýyklykda galla oragyna beýleki sebitlerden gijräk girişen Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary hem bu jogapkärli möwsümi ýokary derejede guramagyň hasabyna işleriň depginlerini güýçlendirmäge çalyşýarlar. Demirgazyk welaýatyň Görogly etrabynyň gallaçylary 28 müň 500 tonnadan gowrak, şeýle hem Gubadag etrabynyň ekerançylary 24 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny ýygnap, sebitde ilkinjiler bolup, döwlet tabşyrygyny ýerine ýetirdiler. Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň gallaçylary 5 müň 120 tonnadan gowrak bugdaý hasylyny ýygnap, möwsümi üstünlikli tamamladylar. Ýerlerde ekin meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda obasenagat toplumyna döwlet tarapyndan uly goldaw berilmegi gallaçylaryň üstünlikleriniň ygtybarly binýady bolup durýar.

Soňky habarlar
20.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow