Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Galla oragynyň ýokary depgini
Ykdysadyýet
Galla oragynyň ýokary depgini
Çap edildi 25.06.2020
1884

Türkmenistanda galla oragynyň depgini barha ýokarlanýar. Ekin meýdanlarynda gije-gündiziň dowamynda tutanýerli zähmet dowam edýär. Türkmen ekerançylary ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda we ýitgisiz ýygnap almak hyjuwynda sazlaşykly işleýärler. 25-nji iýunda ýurdumyzyň welaýatlaryndan ýene-de hoş habarlar gelip gowuşdy. Ahal welaýatynyň Tejen etraby şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilendigi barada hasabat berdi. Bu ýerde guşgursak bugdaýyň 86 müň tonnadan gowragy ýygnaldy. Welaýatda jemi 200 müň gektara golaý meýdanda güýzlük bugdaýyň ekilendigini bellemelidiris. Galla oragynyň ýokary depgini öňde goýlan maksada ýetiljekdigine, –welaýat boýunça döwlete saýlama “ak bugdaýyň” 400 müň tonnasynyň tabşyryljakdygyna ynam döredýär. Mary welaýatynyň iň gowy kärendeçileriniň ýüzlerçesi bol hasyl ýetişdirip, özleriniň ekin meýdanlarynda galla oragyny tamamladylar. Baýramaly etrabynda Watanymyzyň uly harmanyna ýokary hilli bugdaýyň 39 müň tonna golaýy, Türkmengala etrabyndan 31 müň 100 tonnadan gowragy, Oguzhan etrabyndan bolsa, ak bugdaýyň 30 müň tonnadan gowragy ugradyldy. Lebap welaýatynyň ekin meýdanlarynda hem galla oragy gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz dowam edýär. Şol ýerde daýhan hojalyklaryň köpüsi şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Kerki etrabynda 20 müň 500 tonnadan gowrak, Darganata etrabynda 5 müň 300 tonnadan gowrak bugdaý taýýarlanyldy. 24-nji iýunda ýedi etrabyň döwlete galla tabşyrmak baradaky borçnamalaryny ýerine ýetirendigi barada milli Liderimize hasabat berendigini ýatlatmalydyrys. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, azyklyk gallany öndürýän pudagyň ösdürilmegi ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň işiniň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi.

Soňky habarlar
20.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow