Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanda galla oragyna badalga berildi
Ykdysadyýet
Türkmenistanda galla oragyna badalga berildi
Çap edildi 05.06.2020
1075

Ýurdumyzda 5-nji iýunda galla oragyna badalga berildi. Ministrler Kabinetiniň 29-njy maýda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu möhüm oba hojalyk möwsüminiň başlanmagyna ak pata berip, edermen ekerançylara zähmet üstünliklerini arzuw etdi. Oňa laýyklykda, ýurdumyzyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatynyň gallaçylary bolsa olara 12-nji iýunda goşularlar. Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribardan Watanymyza abadançylyk, tutuş türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk dileg edip, ýerlerde galla oragyna ak pata berdiler. Olar «Çäjiňe bereket!» diýen hoşniýetli sözler bilen oraga girişdiler we nobaty zähmetsöýer kombaýnçylara berdiler. Şu ýyl ýurdumyzyň gallaçylary 690 müň gektar meýdandan 1 million 400 müň tonna däne ýygnamagy meýilleşdirýärler. Ahal welaýatynda 400 müň tonna, Mary welaýatynda 345 müň tonna, Lebap welaýatynda 310 müň tonna, Daşoguz welaýatynda 265 müň tonna we Balkan welaýatynda 80 müň tonna bugdaý ýygnalar. Şu ýyl galla meýdanlarynda bugdaýyň «Sähraýy», «Juwan», «Bitarap», «Ýolöten — 1», «Ýolöten —3», «Türkmenbaşy — 1», «Gyzylşaglawuk — 25», «Miras», «Akbaş», «Ýubileýnaýa — 100», «Batko» we «Wassa» ýaly ýokary hasylly görnüşleri ekildi. Umuman, ýurdumyz boýunça 2020-nji ýylyň galla oragy möwsüminde «СLAAS», «John Deere», «Сase», «New Holland» ýaly ýokary öndürijilikli galla ýygnaýan kombaýnlaryň 2 müň 220 sanysy işlediler. Işler iki çalşykda gije-gündiz alnyp barlar. Ýokary öndürijilikli tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegi ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almaga ýardam berer. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan Konsepsiýasyna laýyklykda, ýakyn geljek birnäçe ýylyň dowamynda ýurdumyzyň 2013 — 2019-njy ýyllarda satyn alan ýokary öndürijilikli «John Deere» we «Сlaas» kysymly galla orujy kombaýnlary telematiki ulgamlar bilen üpjün ediler. Galla oragy möwsüminde şeýle hem göçme abatlaýyş-mehaniki toparlaryň ýüzlerçesi gije-gündiziň dowamynda gallaçylara hyzmat eder. Olar işledilýän tehnikalary zerur ýangyç-çalgy ýaglary we ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün ederler. Galla meýdanlarynda oraga gatnaşýan mehanizatorlar, sürüjiler we beýleki işgärler üçin zerur durmuş şertleri döredildi. Ýerlerde medeniýet işgärleriniň çykyşlary we göçme söwda ýola goýlar. Ýygnalan hasyly 156 sany kabul ediş bölümlerine hem-de ammarlara daşamakda ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan berlen ýük ulaglarynyň 11 müňden gowragy işlediler. Galla oragynyň başlanýan döwrüne çenli degişli barlaghanalar taýýarlanyp, olarda «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri dänäniň hilini kesgitlär. Tabşyrylan hasyl üçin gallaçylar bilen öz wagtynda hasaplaşyk işleri «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň ýerlerdäki bölümleri tarapyndan amala aşyrylar. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň, Agrar partiýanyň merkezi geňeşiniň, Zenanlar birleşiginiň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, «Galkynyş», «Nesil», «Watan» we «Bereketli toprak» gazetleriniň redaksiýalarynyň bilelikde guramagynda geçiriljek bäsleşik kärendeçileriň, mülkdarlaryň, kombaýnçylaryň we awtoulaglary sürüjileriň öňdebaryjylaryny mälim eder. Galla oragynyň başlamagy mynasybetli welaýatlarda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, welaýatlaryň hem-de etraplaryň häkimlikleriniň, «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, tejribeli agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda önümçilik maslahatlary geçirildi. Maslahatlaryň dowamynda galla oragyny guramaçylykly geçirmek we däne orujy kombaýnlaryň sazlaşykly işini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa gatnaşyjylar oba zähmetkeşleri hakynda yzygiderli alada edýändigi, Watanymyzyň abadançylygyna hem-de ösüşine mynasyp goşant goşýan kärendeçileriň durmuş üpjünçiligi we netijeli zähmet çekmegi ugrunda döredilýän şertler üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa alkyş sözlerini aýtdylar. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagy ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy. Ýurdumyzda tarp ýerler yzygiderli özleşdirilýär, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekerançylyk meýdanlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça oňyn çäreler durmuşa geçirilýär. Obasenagat toplumynyň düzümleriniň hem-de hyzmat edýän pudaklaryň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, döwrebaplaşdyrylmagyna, elewatorlaryň, gaýtadan işleýän oba hojalyk kärhanalarynyň, mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň, suw hojalyk desgalarynyň gurluşygyna uly möçberli maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap ýokary öndürijilikli tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagy ak bugdaýyň bol hasylyny almagyň özenidir. Önümleriň döwlet tarapyndan satyn alynmagy, daýhanlaryň salgytdan boşadylmagy, olara tehniki hyzmat üçin tohum, mineral dökün, ösümlikleriň gorag serişdelerini almagy babatda ýeňillikli şertler döredilýär. Oba hojalyk önümlerini öndürijileriň maliýe-ykdysady taýdan höweslendirilmegi olaryň öz zähmetiniň netijelerine bolan gyzyklanmalaryny has-da artdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, 5-nji iýunda hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine 2020-nji ýylyň hasyly üçin ekilen gowaçanyň zyýankeşlerine, köpýyllyk haşal otlara garşy göreşmekde, gowaçanyň ýapragyny düşürmekde hem-de 2021-nji ýylyň hasyly üçin ekiljek bugdaý tohumyny kesellere garşy dermanlamakda, karantin we galla ammarlarynyň zyýankeşlerine garşy göreş çärelerini geçirmekde, şeýle hem ýüpek gurçugyny ösdürip ýetişdirmekde zyýansyzlandyryş çärelerini geçirmek üçin ulanyljak himiki serişdeleri satyn almak barada daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýer, suw we beýleki tebigy serişdeleriň netijeli peýdalanylmagyna, daşky gurşawyň goralmagyna, oba hojalyk ylmynyň, seçgiçiligiň, tohumçylygyň ösdürilmegine, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, oba hojalygy boýunça ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna uly üns berýär. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar. Oba ilatynyň maddy hal-ýagdaýy, abadançylyk derejesi ýyl-ýyldan ýokarlanýar. Ýaşaýyş derejesi boýunça oba ýerleri şäher derejesine barha ýakynlaşýar. Umuman, bu işler ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegine mümkinçilik berýär. Oba hojalygyny mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. Oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça asyrlaryň dowamynda toplanan tejribe döwrebap tehnologiýalar hem-de ylmyň gazananlary bilen netijeli utgaşdyrylýar. Bu ugurda toplanan tejribä sebitde we dünýäde uly gyzyklanma bildirilýär. Türkmenistanyň 2020 —2022-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň möhüm edarasy bolan Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine saýlanylmagy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürülýän oba hojalygyny ösdürmek boýunça syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, ýokary netijeliliginiň aýdyň subutnamasydyr. Şu günki şanly waka mynasybetli galla meýdanlarynyň ýanynda möwsümiň başlanmagynyň hormatyna dabaralar guraldy. Sergilerde oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşleri, çörek-bulka önümleri, häzirki zaman oba hojalyk tehnikalary görkezildi. Şeýle hem welaýatlaryň aýdym-saz, tans we folklor toparlarynyň çykyşlary guraldy.

Soňky habarlar
28.11
Azyk howpsuzlygynyň bähbidine halkara hyzmatdaşlyk
28.11
Bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
28.11
Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
27.11
Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly
27.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
top-arrow