Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň mekdeplerinde «Soňky jaň» dabaralary geçirildi
Jemgyýet
Türkmenistanyň mekdeplerinde «Soňky jaň» dabaralary geçirildi
Çap edildi 25.05.2020
2858

Şu gün ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ählisinde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli çäreler geçirildi. Bu gün 80 müňe golaý uçurym üçin aýratyn dabaraly we tolgundyryjy gün boldy. Olar şanly senä — döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk senesine beslenen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda özbaşdak durmuşa gadam goýýarlar. Şu dabaraly günde mekdepleriň uçurymlary, bilim ulgamynyň işgärleri, okuwyny ýokary bahalar bilen tamamlaýan okuwçylar, ýurdumyzyň ähli künjeklerinden bolan dürli ders hem-de döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri halkymyzyň watançylygyny we jebisligini, milli gymmatlygymyza çäksiz hormata şaýatlyk edýän üstünliklerimizi hem-de gazananlarymyzy alamatlandyryp, asmana uzap, belentde buýsanç bilen parlaýan ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň meýdançasyna gül desselerini goýdular. Şu ýerde hem uçurymlar, olaryň mugallymlary hem-de ene-atalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baýramçylyk Gutlagyny diňlediler. «Öz ykbalyňy beýik we tutumly işler bilen berk baglanyşdyrmak — Garaşsyz Diýarymyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermek, il-günümiziň bagtyýar durmuşy ugrunda okamak, öwrenmek, döredijilikli zähmet çekmek uly bagtdyr, abraý-mertebedir. Şoňa görä-de, eziz Watanymyzyň abadan geljegi üçin bilim, ylym, hünär almak, gurmak, döretmek, tutanýerli zähmet çekmek, elmydama kämillige ymtylmak täze durmuşa gadam basýan ýaşlarymyzyň belent borjy we esasy maksady bolmalydyr. Siz ata-babalarymyzyň beýik däplerini mynasyp dowam etdirip, geljekde özüňiziň bilimiňiz, ukyp-zehiniňiz bilen eziz Watanymyzyň bütin dünýäde abraýyny, şan-şöhratyny has-da beýgeltmelisiňiz» diýlip, Gutlag hatynda aýdylýar. Döwlet Baştutanymyz ylym hem-de bilim kuwwatyny artdyrmagyň zerurdygyny nygtap, durmuş-ykdysady, medeni-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmelerimiziň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde bilim bermek işine gatnaşýanlaryň hemmesiniň mümkinçiligini açmagyň we amala aşyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmegiň daýanjy bolmaly, onuň şöhratyny artdyrmaly ýaşlaryň zehininiň hem-de aň-bilim kuwwatynyň hakyky gülläp ösmeli döwrüdir. Okuw ýyllarynda dürli sport ýaryşlarynda mekdebiň abraýyny gorap, ol ýa-da beýleki ders boýunça bäsleşiklerde ýeňip, döredijilik bäsleşiklerinde hem-de çeper höwesjeňleriň gözden geçirilişlerinde çykyş edip, tapawutlanan mekdep okuwçylary Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy. Soňra 2020-nji okuw ýylynyň uçurymlaryna bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Şolarda okuwçylaryň, ene-atalaryň, mugallymlaryň we halypalaryň adyna hoşniýetli sözler hem-de arzuwlar aýdyldy. Beden taýdan berk, ruhy taýdan belent, ukyp-başarnykly, giň dünýägaraýyşly ýaşlary durmuş ýoluna atarýan terbiýeçilere aýratyn hormat bildirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ençeme gezek belleýşi ýaly, Diýarymyzyň ylym we bilim ulgamynyň özgerdilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurdumyzda döwrebap bilim düzümleri döredildi, bu ulgamda iň täze usullary özleşdirmekde, ilatyň bilim derejesini ýokarlandyrmakda baý tejribe toplanyldy. Kabul edilen milli maksatnamalaryň çäklerinde Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda orta hem-de ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň hem-de dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň täze binalary guruldy. Bilim edaralaryny okuw kitaplary we gollanmalar bilen üpjün etmek, halkara ölçeglere kybap gelýän täze tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak boýunça maksadalaýyk işler alnyp barylýar. Ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, durmuş maksatly desgalar bilen bir hatarda, umumybilim berýän mekdepleriň gurulmagy dowam edýär. Bilim ulgamynyň hil taýdan döwrebaplaşdyrylmagy, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçirilen ylym-bilim ulgamynyň özgertmeleri mekdepleriň durmuşyna möhüm täzelikleri ornaşdyrdy. Mekdepleriň 12 ýyllyk bilim berilmegine geçirilmegi, okuw işlerine ylmyň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň işjeň ornaşdyrylmagy abraýly halkara ders bäsleşikleriniň baýrak eýeleriniň sanynyň artmagyna, dünýäniň iri ylym-bilim merkezleri, halkara guramalar hem-de gaznalar bilen gatnaşyklaryň giňeldilmegine getirdi. Munuň şeýle bolmagyna sapaklaryň tertibine binýatlyk dersler bilen deň hatarda ykdysadyýetiň esaslary, modelirleme hem-de grafika, maglumat-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalar, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti ýaly dersleriniň girizilmegi hem ýardam berdi. Bu gün uçurymlar bilimlere teşne okuwçylara täze açyşlaryň dünýäsine özboluşly nobaty geçirmek bilen, olary öz yzlary bilen diňe bir ylmyň başlangyçlaryna akyl ýetirmek ýoluna däl, eýsem, durmuşda has möhüm ruhy ýörelgelere — dostluga, hormat goýmaga, goldamaga, özara kömek bermäge çagyrýarlar. Bu nurana baýramçylykda mekdepleriň uçurymlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa aýratyn mähirli we tolgunmak bilen hoşallyk bildirýärler. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen hem-de ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ýaş nesilleriň bilim derejesini ýokarlandyrmaga, olary watançylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge gönükdirilen örän uly işler geçirilýär, ýaşlaryň intellektual we döredijilik zehinlerini açmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Soňky habarlar
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
top-arrow