Şu gün paýtagtymyzda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly halkara fotosergi hem-de maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň taryhynda şanly senä — Bitaraplygyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp guralan sergide ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň suratkeşleriniň, fotosuratçylarynyň hem-de habarçylarynyň işleri görkezildi. Ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň tanymal döredijilik işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk eýýamy türkmenistanlylar üçin ruhy taýdan gülläp ösüşiň döwrüne öwrülip, ol döredijilik işgärlerini ata Watanymyzyň şan-şöhratyna täze ajaýyp işleri döretmäge ruhlandyrdy. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň asyrlarboýy parahatçylyk söýüjilik, döredijilik we hoşniýetlilik ýörelgelerini wagyz edýän türkmen halkynyň gadymdan gözbaş alýan däplerini aýawly saklamakda görnükli orny bellenildi. Hut milli Liderimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilige deňhukukly halkara hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasaty esasynda Türkmenistany ýaşamak üçin iň gowy, has abadan hem-de özüne çekiji mekana öwürmek babatda giň gerimli meýilnamalar, ägirt uly taslamalar we maksatnamalar amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ýerde görkezilen, hormatly Prezidentimiziň ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, adamlaryň önjeýli zähmet çekmegi hem-de göwnejaý dynç almagy üçin ajaýyp şertleriň döredilmegine gönükdirilen şähergurluşyk syýasatynyň gerimini, üstünligini hem-de zehinini şöhlelendirýän işler aýratyn täsir galdyrýar. Fotosuratlarda şekillendirilen türkmen döwletiniň binagärlik nyşanlary — Garaşsyzlyk binasy hem-de Bitaraplyk binasy, özboluşly täze desgalar, şeýle hem görnükli taryhy şahsyýetleriň keşpleri ünsüňi özüne çekip, milli Liderimiz olaryň mysalynda häzirki we geljekki nesilleri kemala getirmäge çagyrýar. Fotosergi gündelik durmuşdaky aýdyň we täsirli pursatlary, halkymyzyň köpasyrlyk däplerini görkezmäge, olary sergä gelenlere özboluşly görnüşde ýetirmäge ukyply bolan fotosuratçylaryň zehinini açyp görkezýär. Daşary ýurtly awtorlaryň ussatlyk bilen ýerine ýetiren işleriniň hatarynda gaýtalanmajak tebigy gözellikler, binagärlik ýadygärlikleriniň özboluşly suratlary bar. Bu ýerde dünýäde parahatçylygy we agzybirligi aýawly saklamagyň wajypdygyny bize nobatdaky gezek ýatladýan täsin işleri görmek bolýar. Ussatlaryň fotoişlerinde tebigy mowzuk sergä gelenlerde aýratyn täsir galdyrýar. Fotosergi paýtagtymyzyň bagy-bossanlygyň mekany bolup durýandygyny ýene-de bir gezek tassyklady. Milli Liderimiz «Ýaşyl ösüşiň strategiýasyny» ýurdumyzy durnukly ykdysady we durmuş taýdan ösdürmegiň gurallarynyň biri hökmünde kesgitledi. Şol ösüş öňdebaryjy tejribä, innowasion tehnologiýalara we köpasyrlyk milli däplerimize esaslanýar. Ösüşiň ekologiýa konsepsiýasy adamlaryň durmuşyny ajaýyp türkmen tebigaty bilen sazlaşykda ösdürmegi, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmagy hem-de döwletimizi ösdürmegi ugur edinýär. Ekologiýa meselelerini çözmekde Türkmenistanyň toplan tejribesi köp ýurtlar üçin, ilkinji nobatda, senagat taýdan ösen ýurtlar üçin nusga bolup durýar. Halkymyzyň taryhy, onuň baý medeniýeti hem-de köpasyrlyk däpleri, şeýle hem Garaşsyzlyk döwrüniň ajaýyp üstünlikleri barada gürrüň berýän sergide hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işleri aýratyn orun eýeleýär. Milli şekillendiriş sungatynyň iň gowy däplerinde döredilen işler, amaly-haşam sungatynyň, keramika we heýkeltaraşlyk nusgalary, haly önümleri serginiň esasyny düzüp, tanymal türkmen ussatlary, şeýle hem ýaş zehinler olaryň awtorlary bolup durýarlar. Bularyň hemmesi türkmen halkynyň häzirki taryhynyň beýanyna öwrüldi. Günüň ikinji ýarymynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahat fotoserginiň dowamyna öwrüldi. Oňa Owganystanyň, Belgiýanyň, Germaniýanyň, Hindistanyň, Hytaýyň, Koreýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we beýleki döwletleriň wekilleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň ýurduň daşary syýasatynyň esasyny düzýändigini, halklaryň dostlugynyň bolsa rowaçlygyň, parahatçylygyň we durnuklylygyň, ösüşiň we täze işleriň girewi bolup durýandygyny anyk işler bilen tassyklaýandygyny bellediler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen gatnaşyklaryny täze mazmun bilen baýlaşdyrýan halkara ynsanperwer çäreleriň geçirilmegi dünýä bileleşigi bilen dostlukly gatnaşyklary berkitmäge we hyzmatdaşlygy ösdürmäge, türkmen halkynyň ruhy mirasyny giňden ýaýmaga, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna ýardam edýär. Wideomaslahatyň barşynda oňa daşary ýurtly gatnaşyjylar öz işlerini görkezip, döredijilik meýilnamalary barada gürrüň berip, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly halkara fotoserginiň we maslahatyň ýokary derejede guralandygy, üstünlikli medeni gatnaşyklara ajaýyp şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Şu günki çäräniň çäklerinde fotosergä gatnaşyjylara diplomlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy geçirildi.