Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 10.05.2020
1864

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýa Federasiýasynyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni we boýalan tüýjümek önümleri, Birleşen Arap Emirliklerinden, Azerbaýjandan we Gyrgyzystandan gelen telekeçiler bolsa nah ýüplük satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 676 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýadan gelen işewürler el halylaryny, BAE-niň we Şotlandiýanyň telekeçileri bolsa nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň umumy netijesi 3 million manatdan gowrak boldy. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 18 million manada golaý pagta süýümini, «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni we polipropileni satyn aldylar.

Soňky habarlar
20.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow