Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi Belarus telegrag agentligi bilen hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekdi
Jemgyýet
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi Belarus telegrag agentligi bilen hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekdi
Çap edildi 06.05.2020
1752

Täzelikleri alyşmak ulgamynda özara dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi hem-de “Belarus telegraf agentligi” Respublikan unitar kärhanasy diplomatik ýollar arkaly habarlary alyşmak ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekdiler. Maglumat syýasaty hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýmagy we ösdürmegi bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň derejesini ýokarlandyrmak, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň dünýä maglumatlar giňişligine mundan beýläk-de üstünlikli goşulyşmagyny üpjün etmek hem-de ýurdumyzyň durmuşyny hemmetaraplaýyn beýan etmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňde goýlan ilkinji derejeli wezipeleriň biridir. Munuň özi türkmen döwletiniň halkara derejesinde hyzmatdaşlar bilen döwletara gatnaşyklarynyň oňyn syýasatyny kesgitlän ýurdumyzyň bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygy bellenilýän ýylda has-da möhümdir. “BELTA” Belarus Respublikasynyň ýüzýyllyk taryhy bolan iri habarlar agentligidir, ol 180 ýurtda okyjylar üçin 6 dilde habarlary ýaýradýar. Häzirki wagtda Belarus telegraf agentligi ýurduň hem-de dünýäniň resmi habarlarynyň we täzelikleriniň esasy çeşmesi bolup durýar. Türkmenistan bilen Belarus Respublikasy Merkezi Aziýada hem, Gündogar Ýewropa sebitinde hem sebit howpsuzlygyny durnuklaşdyrmakda möhüm orun eýeleýärler hem-de iri halkara guramalarynyň -- Birleşen Milletler Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň we beýleki düzümleriň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanyň we Belarusuň döwlet habarlar agentlikleri habarlar bilen baglanyşykly özara hyzmatdaşlygy giňeltmegi, iki ýurduň çäklerinde guralýan dürli çärelere maglumat goldawyny üpjün etmegi, žurnalistleri we fotohabarçylary özara alyşmagy meýilleşdirýärler. Taraplar şeýle hem çäreleri we forumlary bilelikde guramagyň mümkinçiliklerine serederler. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek, dünýäniň iri media-kompaniýalary, şol sanda Azerbaýjanyň döwlet habarlar agentligi (AzerTAj) we Trend halkara habarlar agentligi, “Associated Press of Pakistan” (Pakistan) korporasiýasy, Özbegistanyň Milli habarlar agentligi, “Kazinform” Halkara habarlar agentligi, Russia Today (RTTV) telewizion ýaýlymy we beýlekiler bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň üstünlikli durmuşa geçirýän parahatçylyk dörediji daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda biziň ýurdumyzda öňdebaryjy dünýä tejribesiniň, häzirki zaman habarlar tehnologiýalarynyň öwrenilmegine hem-de ornaşdyrylmagyna, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin ýokary derejeli işgärleriniň taýýarlanylmagyna uly üns berilýär.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow