Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistan hem-de ÝUNESKO ýokary hilli we elýeter bilim ugrunda
Jemgyýet
Türkmenistan hem-de ÝUNESKO ýokary hilli we elýeter bilim ugrunda
Çap edildi 23.04.2020
1672

Şeýle hem şol gün Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde wideoaragatnaşyk arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş direktorynyň orunbasary hanym Şamila Nair-Beduel bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyk Daşary işler ministrliginiň howandarlygynda guraldy. Söhbetdeşlige Bilim ministrliginiň, Ylymlar akademiýasynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Ýurdumyz bilim beriş işine dünýä ölçeglerini ornaşdyryp, ynsanperwer ulgamda BMG bilen gatnaşyklaryny ösdürýär. Türkmenistanyň 2014-nji ýyldan 2016-njy ýyl aralygynda, soňra bolsa 2017 — 2020-nji ýyllarda ösüş maksatlarynda BMG-niň ylym we tehnika boýunça komissiýasyna iki gezek saýlanandygyny ýatlamak isleýäris. Ýakynda bolsa BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasyndan Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýene-de ikisiniň düzümine — Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2021 — 2025-nji ýyllar döwri üçin hem-de ösüşiň bähbidine Ylym we tehnika boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2021 — 2024-nji ýyllar döwri üçin saýlanandygy barada nobatdaky hoş habar gelip gowuşdy. Ýurdumyzyň agzalyga saýlanan bu iki düzümi hem guramanyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň edaralarynyň düzümine girýär. Bu ýagdaýlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary we içeri syýasatynyň netijelidigini, ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artýandygyny dünýä jemgyýetçiliginiň ykrar edýändiginiň subutnamalarydyr. Bilim, ylym, innowasion tehnologiýalar, taryhy we binagärlik ýadygärliklerini goramak hem-de täzeden dikeltmek we beýleki ugurlar boýunça ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň halkara gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunda ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna, bilelikdäki bilim edaralaryň döredilmegine, geljegi uly ylmy taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu işler öňdebaryjy tehnologiýalara, sanly bilimlere, dünýä tejribelerine esaslanan adam mümkinçiligini yzygiderli artdyrmaga — ylym we bilim ulgamyny innowasion taýdan ösdürmäge gönükdirilendir. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşanlar ýokary bilim we ylym babatda Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdylar. BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasynyň ýolbaşçysyna halkara ölçegleriň derejesine laýyk gelýän bilimi ösdürmekde ýurdumyzyň gazananlary barada, şeýle hem wezipesi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça işlenip taýýarlanylan sanly bilim konsepsiýasynyň maksatlaryny öňe ilerletmekden ybarat bolan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasion maglumat merkeziniň işi barada habar berildi. Şamila Nair-Beduel ÝUNESKO-nyň maksatnamalaryna işjeň gatnaşmaga taýýardyklary üçin bilim ulgamynda Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagynda uly orun eýeleýän türkmen kärdeşlerine hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ähli ugurlary öz içine alýan we adalatly ýokary bilimi üpjün etmek hem-de hemmelere tutuş ömrüniň dowamynda bilim almak mümkinçiligini höweslendirmek ýaly işlere üns berildi. Ol ylym bilen tehnologiýalaryň arasyndaky baglanyşdyryjy halka hökmünde bilimiň ähmiýetini nygtap, bu ulgamyň wekillerini ÝUNESKO-nyň geljegi uly taslamalarynyň birnäçesine, şol sanda oba hojalygyny ösdürmek, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly «Mikronauka» taslamasyna we beýlekilere gatnaşmaga çagyrdy. Şeýle hem sanly ulgama degişli taslamalarda hyzmatdaşlyk etmegiň, maglumatlary alyşmagyň mümkinçilikleri hem-de beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga gatnaşanlar ählumumy ähmiýete eýe bolan bu strategik ulgamda netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda pikirlerini biragyzdan aýtdylar.

Soňky habarlar
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
top-arrow