Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Dünýä halklarynyň ýakynlaşmagynyň bähbidine medeni gatnaşyklar
Medeniýet
Dünýä halklarynyň ýakynlaşmagynyň bähbidine medeni gatnaşyklar
Çap edildi 22.04.2020
4609

Şu gün ÝUNESKO-nyň howandarlygynda dünýäniň iki ýüzden gowrak ýurdunyň medeniýet ulgamlarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda onlaýn wideomaslahaty geçirildi, onuň dowamynda ählumumy pandemiýa şertlerinde medeniýet edaralaryna goldaw bermek boýunça geçirilýän çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapyndan häzirki wagtda Türkmenistanda bütin dünýäde bolşy ýaly, bu keseliň öňüni almak boýunça giň gerimli çäreleriň geçirilýändigi habar berildi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öz wagtynda görlen çäreleriň netijesinde ýurdumyzyň çäginde onuň ýaýramak howpy aradan aýryldy. Şol sebäpli hem muzeýler, kitaphanalar, konsert zallary ýaly medeniýet edaralary baryp görmek üçin açykdyr hem-de bu ugurda hiç hili çäklendirmeler ýokdur. Mundan başga-da, onlaýn tertibinde halkara derejeli dürli medeni çäreleri geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. Ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilen şeýle çäreleriň biri hem «Bitarap Türkmenistan: parahatçylygyň we rowaçlygyň kepili» atly halkara foto sergi we maslahatdyr. Ol maý aýynda ýurdumyzyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde guralar. Häzirki güne çenli dünýäniň 12 ýurdundan fotosuratçylar sergä gatnaşmaga isleg bildirdiler.

Soňky habarlar
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen
top-arrow