Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
“Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň nobatdaky sany
Jemgyýet
“Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň nobatdaky sany
Çap edildi 21.04.2020
1988

Çärýekde bir gezek neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» atly ylmy-amaly žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çapa taýýarlanan neşir okyjylara döwlet durmuşynyň hem-de ählumumy gün tertibi boýunça halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini beýan edýän makalalary hödürleýär. «Ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň hukuk üpjünçiligi» diýen makalanyň awtory amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän aýdyň durmuş ugurly netijeli başlangyçlarynyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan yzygiderli işleriň ähmiýetini nygtaýar. Türkmenistanda ilatyň durmuş goragynyň bütindünýä meýillerini nazarlaýan we şol bir wagtda-da ýurduň aýratynlyklaryny, onuň taryhy, demografik hem-de durmuş şertlerini göz öňünde tutýan ulgamyň döredilendigi bellenilýär. Raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyna bolan hukuklary berkidilen kanunlaryň we hukuk resminamalaryň sanawy getirilýär. Makalada nygtalyşy ýaly, bu ulgamyň hukuk esasynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi milli Liderimiziň geçirýän özgertmeler syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biridir. BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (MAÖDSM) ýolbaşçysynyň «Ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» diýen makalasy Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň gatnaşyklarynyň esasy ugurlaryna bagyşlanýar. Makalanyň awtory Natalýa German Milletler Bileleşiginiň köptaraplaýyn, parahatçylyk döredijilikli işiniň oňyn häsiýetini belläp, MAÖDSM-niň dawalary öňüni alyş diplomatiýasy arkaly kadalaşdyrmak ugrundaky parahatçylykly işleri we tagallalary goldamaga gönükdirilen işine ünsi çekýär. Munuň şeýle bolmagyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasatynda aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda Merkezi Aziýada BMG-niň terrorçylyga garşy ählumumy strategiýasyny amala aşyrmak boýunça bilelikde hereket edilmegi, serhetüsti suw serişdelerini dolandyrmak, parahatçylyga ýardam bermek hem-de bu işlere zenanlary we ýaşlary çekmek ugrunda tagallalary birleşdirmek baradaky meseleler boýunça özara hereket edilmegi netijeli mysallaryň hatarynda agzalýar. Şunuň bilen baglylykda, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatda ileri tutýan ugurlarynyň we diplomatiýasynyň eýeleýän ähmiýetli orny bellenilýär. Awtoryň nygtaýşy ýaly, şol ugurlar Birleşen Milletler Guramasynyň esasy maksatlaryna kybap gelýär. «Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk çökgünlikleriň öňüni almak hem-de parahatçylygyň, ösüşiň we howpsuzlygyň gün tertibini ilerletmek boýunça toparlaýyn tagallalary goldamak üçin möhüm nyşan bolup durýar» diýip, MAÖDSM-niň ýolbaşçysy nygtaýar. Şu ýyl bellenilýän şanly senäniň — BMG-niň 75 ýyllygy bilen özboluşly gabat gelýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň ähmiýetini aýratyn nygtaýar. «Biz Bitaraplygyň özboluşly halkara hukuk instituty hökmünde durmuşa ukyplydygyna göz ýetirmäge mümkinçilik aldyk» diýip, Natalýa German tassyklaýar. Okyja hödürlenilýän makalalaryň hatarynda «Harby gulluk hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň ösüşi» diýen makala bar. Onuň awtory hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan harby özgertmelerini durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýetini nygtaýar. Bellenilişi ýaly, hemişelik Bitarap döwletiň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagy milli Liderimiziň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer syýasatyna laýyklykda kabul edilen goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň esasynda amala aşyrylýar. Şeýle resminamalaryň hatarynda «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda», «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda», «Türkmenistanyň Serhet goşunlary hakynda», «Goranmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýlekiler bar. «Telekeçilik işiniň hukuk düzgünleşdirilişiniň ösüşi» diýen makala hususy işewürligi kanunçylyk taýdan goldamak baradaky meselelere bagyşlanýar. Makalada ykdysadyýetiň depginli ösüşiniň köp babatda telekeçilik başlangyçlarynyň kämillik derejesine hem-de ony höweslendirmek ugrunda görülýän netijeli çärelere baglydygy bellenilýär. Birnäçe kanunçylyk resminamalary şol wezipeleriň çözülmegine gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan sanlylaşdyrmak konsepsiýasynyň amala aşyrylmagy hem-de kärhanalaryň we ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk ulgamynyň edaralarynyň işine maglumat tehnologiýalarynyň barha işjeň ornaşdyrylmagy babatda telekeçilik işleriniň hukuk taýdan düzgünleşdirilişiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň wajypdygy makalada aýratyn nygtalýar. Türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilýän neşir bolup geçen wakalar barada maglumatlar toplanyp ýerleşdirilen «Senenama» diýen bölümi bilen tamamlanýar. Onda abraýly halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen duşuşyklar, mejlisler we beýleki çäreler beýan edilýär.

Soňky habarlar
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
top-arrow