Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 19.04.2020
1855

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 68-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Şweýsariýadan, Maltadan, Gazagystandan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny we binýatlyk ýagy satyn aldylar. Polipropilen we EСO 93 belgili awtobenzin («Türkmengaz» DK) Russiýadan we Owganystandan gelen işewürler toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna el halylary we nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Şweýsariýa, Türkiýe, Malta, Gyrgyzystan, Owganystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 33 million 977 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Gonkongdan we Owganystandan gelen işewürler jemi bahasy 2 million 684 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi hem-de el halylary satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin ýokary dykyzlykdaky polietileni, polipropileni («Türkmengaz» DK), plastik paddonlary, pagta-süýümini, el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 35 million 149 müň manatdan gowrak boldy.

Soňky habarlar
20.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow