Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Ýurdumyzda öndürilýän önümler halkara bazarda eýeleýän ornuny berkidýär
Ykdysadyýet
Ýurdumyzda öndürilýän önümler halkara bazarda eýeleýän ornuny berkidýär
Çap edildi 15.04.2020
1422

Şu gün Daşary işler ministrliginde Halkara sergiler býurosynyň baş sekretary Dimitri Kerkentzes bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Wideomaslahatyň barşynda taraplar dürli meseleler boýunça Türkmenistanyň hem-de Halkara sergiler býurosynyň (HSB) arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler hem-de Dubaýda geçiriljek EKSPO halkara sergisiniň ähmiýetini bellediler. Onlaýn-gepleşikleriň barşynda oňa gatnaşyjylar özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşyp, gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň netijeliligini aýratyn bellediler. Şeýle hem jenap D.Kerkentzes şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň işine gatnaşmaga çagyryldy. Gepleşiklerde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda HSB tarapyndan bilermenler maslahat beriş hem-de Türkmenistanyň eksport harytlarynyň we hyzmatlarynyň wirtual sergisini guramak boýunça onuň taslamasy üçin kömek bermek bilen bagly meseleler gepleşikleriň esasyny düzdi. Ýurdumyzyň pudaklarynyň we hususy kärhanalarynyň önümleriniň yzygiderli hereket edýän onlaýn-sergilerini döretmek meseleleri 10-njy aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle usulyň möhümdigini belledi, munuň özi ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetini ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyk gelýär hem-de söwda hyzmatdaşlygynyň çäklerini giňeltmäge mümkinçilik berýär. Bu şeýle hem halkara işewür toparlary ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň, senagatlaşdyrmak işiniň hem-de ýurdumyzyň senagatyny we hyzmatlar ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň netijeleri bilen tanyşdyrmaga ýardam eder. Türkmenistan Halkara sergiler hakynda Konwensiýa gatnaşyjy hem-de Halkara sergiler býurosynyň agzasy hökmünde degişli ugurda öňdebaryjy işläp düzmeleri we tehnologiýalary ornaşdyrmaga çalyşýar. Şunuň bilen baglylykda, Halkara sergiler býurosy bilen hyzmatdaşlykda tejribe alyşmak, iň gowy işleri öwrenmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli daşary syýasy strategiýany amala aşyrmagy bilen baglylykda, geçirilýän bilelikdäki çäre halkara gatnaşyklary giňeltmäge, ýurdumyzyň dünýäniň sergiler giňişligine, şol sanda wirtual sergilere gatnaşmagyna ýardam eder diýip bellediler.

Soňky habarlar
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
16.02
Türkmenistanyň Prezidenti BSGG-niň Ýewropa sebiti edarasynyň direktoryny kabul etdi
16.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary
16.02
2025-nji ýylyň görkezijileri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby sylaglanyldy
16.02
Aşgabatda ählumumy saglygy goraýyş ulgamynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog öz işine başlady
16.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 699 müň dollaryndan gowrak boldy
16.02
Türkmenistanyň Prezidenti Litwa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.02
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.02
Wirtual muzeýler — medeniýet ulgamyny ösdürmegiň häzirki zaman ugry
14.02
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
top-arrow