Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Daşary ykdysady işiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Ykdysadyýet
Daşary ykdysady işiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Çap edildi 15.04.2020
886

Şu gün milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginiň maslahatlar zalynda «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» çäklerinde 2020-nji ýyl üçin hereketleriň meýilnamasyny ornaşdyrmak boýunça Utgaşdyryjy toparyň birinji mejlisi geçirildi. Duşuşyga ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Mejlisiň, Ylymlar akademiýasynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenler gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda ady agzalan maksatnamanyň ähmiýeti barada çykyşlar hem-de ony durmuşa geçirmek boýunça Meýilnamanyň birinji çärýekde ýerine ýetirilişi barada hasabatlar diňlenildi we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, ady agzalan konseptual resminama hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça daşary ykdysady işleri toplumlaýyn esasda ösdürmek, şeýle hem onuň syýasy-hukuk esaslaryny has-da kämilleşdirmek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy. Şonuň bilen birlikde, maksatnama Türkmenistanyň daşary ýurtlar, halkara guramalar, şol sanda maliýe we ykdysady düzümler bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilendir. Degişli ugurda bellenilen sepgitlere ýetmegiň ugurlaryny takyk kesgitleýän maksatnama döwlet Baştutanymyzyň 2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda tassyklanyldy. Onda geljek ýyllar üçin amala aşyrylmagy kesgitlenen wezipeler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna», halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak baradaky maksatnamalara, kanunlara we kadalaşdyryjy-hukuk namalaryna doly laýyk gelýär. Gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn berkitmek milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda halkara giňişlikde durmuşa geçirilýän syýasatyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň 100-den gowrak döwleti bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Ady agzalan resminamanyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, mejlise gatnaşyjylar onuň zerurlygyny Bitarap Watanymyzyň dünýä hojalyk ulgamyna işjeň goşulmagy bilen şertlendirilendir diýip bellediler. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipeleri bilen baglylykda işlenilip taýýarlanylan bu strategik meýilnama, ozaly bilen, degişli ugry düzgünleşdirýän kanunçylyk binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmaga, Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen özara gatnaşyklaryny berkitmek üçin amatly hukuk, dolandyryş, maliýe gurşawyny döretmäge we kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Konseptual resminama dürli pudaklara daşary ýurt maýalaryny çekmek üçin bazar gurallaryny netijeli peýdalanmak, eksport ugurly hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek, şeýle hem ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça çäreleriň toplumyny öz içine alýar. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşiň innowasion ýoluna düşmegi bilen içerki ätiýaçlyklary, şeýle hem daşary döwletleriň we kompaniýalaryň mümkinçiliklerini peýdalanmak bilen netijeli başlangyçlary we iri taslamalary durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumynyň, şeýle hem şol ýylyň oktýabrynda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) döwlet Baştutanlarynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnamanyň» kabul edilmegi daşary ykdysady gatnaşyklaryň täze sepgitlerine çykmaga itergi berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň öňe süren, halkara we döwletara derejelerde kabul edilen teklipleriň we çözgütleriň, şol sanda birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagy maksatnamanyň esasy wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlenildi. Bellenilişi ýaly, aýry-aýry ugurlar boýunça strategiýalary we konsepsiýalary işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek möhüm çäreleriň hatarynda durýar. Şeýlelikde, ilatyň maliýe-ykdysady sowatlylygyny ýokarlandyrmak, senagatyň eksport ugurlaryna ýardam etmek syýasatyny, hyzmatlar ulgamyny, hususy pudagy ösdürmek hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi goldamak boýunça meýilnamalary amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Mejlise gatnaşyjylaryň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda degişli ministrlikler we edaralar tarapyndan şol wezipeleri çözmek boýunça maksada gönükdirilen işler alnyp barylýar. Şeýle hem geljek ýyllarda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatyna laýyklykda, ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň işini innowasion esasda ýola goýmak, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň hil we nyrh görkezijileri boýunça daşary bazarlardaky bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin anyk çäreler görüldi. Resminamalary resmileşdirmek we maglumatlary bermek boýunça halkara iş tejribesinde ulanylýan «Bir penjire» ulgamyny döretmek maksatnamada aýratyn ugur hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda görülýän çärelere aýratyn üns berildi. Öňde bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklarynda hususy pudagyň paýyny yzygiderli artdyrmak seredilýän resminamada esasy ugurlaryň biri hökmünde seçilip alyndy. Çykyş edenler soňky ýyllarda ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň işewürler düzümleriniň derejesinde hem sazlaşykly ösýändigini kanagatlanma bilen belläp, degişli ugurda ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmek ugrunda pikirlerini beýan etdiler. Ýygnananlaryň birmeňzeş pikirine görä, maksatnamanyň hem-de döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli ugurda öňde goýan möhüm wezipeleriniň üstünlikli amala aşyrylmagy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň berkemegine, ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam eder. Şunda daşary ykdysady işlere gatnaşyjylar bilen söwda, maýa goýum hem-de ylmy-tehnologik hyzmatdaşlyk ýaly usullar we gurallar aýratyn zerur bolup durýar.

Soňky habarlar
28.11
Azyk howpsuzlygynyň bähbidine halkara hyzmatdaşlyk
28.11
Bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
28.11
Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
27.11
Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly
27.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
top-arrow