Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 08.03.2020
1387

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 196-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagy we suwuklandyrylan gazy («Türkmengaz» DK) satyn aldylar. Mundan başga-da daşary ýurt puluna nah ýüplük we reňksiz list aýna ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: BAE we Özbegistan degişlilikde. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 5 million 118 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine BAE-den gelen işewürler bahasy 1 million 610 müň manatlyk nah ýüplügini satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin polipropilen, nebit bitumyny, ýokary dykyzlykly polietileni, el halylaryny we pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 59 million 339 müň manatdan gowrak boldy.

Soňky habarlar
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
16.02
Türkmenistanyň Prezidenti BSGG-niň Ýewropa sebiti edarasynyň direktoryny kabul etdi
16.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary
16.02
2025-nji ýylyň görkezijileri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby sylaglanyldy
16.02
Aşgabatda ählumumy saglygy goraýyş ulgamynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog öz işine başlady
16.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 699 müň dollaryndan gowrak boldy
16.02
Türkmenistanyň Prezidenti Litwa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.02
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.02
Wirtual muzeýler — medeniýet ulgamyny ösdürmegiň häzirki zaman ugry
14.02
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
top-arrow