Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 29.02.2020
1117

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 49-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Pakistandan, Azerbaýjandan, Özbegistandan gelen telekeçiler nah ýüplük we mata, reňksiz aýna satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 266 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Beýik Britaniýadan, BAE-den, Gonkongdan we Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 4 million 528 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 59 million manatlykdan gowrak «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni we haly önümlerini satyn aldylar.

Soňky habarlar
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşdy
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitindäki ÇYKYŞY
01.09
Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
01.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasyndaky GUTLAG SÖZI
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
01.09
Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli täze binalar açylyp ulanmaga berildi
top-arrow