Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 23.02.2020
1726

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 42-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny, binýatlyk ýagy, awtoulag benzinini satyn aldylar. Ýokary dykyzlykdaky polietilen we tehniki kükürt («Türkmengaz» DK) Russiýadan, Özbegistandan we Owganystandan gelen täjirleriň, plastik gaplar bolsa BAE-niň işewürler toparlarynyň wekilleriniň söwdasy boldy. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna buýan köküniň ergini, nah ýüplük, mebel pamygy we haly önümleri ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, ABŞ, BAE, Türkiýe, Serbiýa, Estoniýa, Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 65 million 141 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Beýik Britaniýadan, BAE-den, Gonkongdan, Gazagystandan gelen işewürler toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 4 million manada golaý bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Soňky habarlar
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow