Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Söwda we bazar ulgamynda ýokary tehnologiýalar
Ykdysadyýet
Söwda we bazar ulgamynda ýokary tehnologiýalar
Çap edildi 29.01.2020
1681

Şu gün Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde bu edara bilen Şweýsariýanyň «SIÑPA SA» kompaniýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Bu kompaniýa goralan nyşanlar bilen belgilemek ulgamynda dünýäde öňdebaryjy kompaniýadyr. Resminama Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilendir. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ileri tutulýan wezipe hökmünde kesgitlenildi. Söwda we salgyt salmak ýaly ugurlarda dürli elektron ulgamlaryň hem-de maglumat torlarynyň peýdalanylyşyny giňeltmek, kontrabandanyň öňüni almak ýurdumyzyň dünýäniň maliýe we söwda gatnaşyklaryna ýakynlaşmagyna, ynsaply we bäsleşige ukyply hyzmatdaş hökmünde onuň abraýynyň pugtalanmagyna ýardam berer. «SIÑPA SA-nyň» azyk we senagat önümleriniň dürli görnüşlerini anyklamak boýunça innowasion çözgüdi işläp taýýarlandygyny göz öňünde tutup, ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Türkmenistan tarapyndan import we eksport edilýän harytlaryň gelip çykyşynyň howpsuzlygy, önümçiliginiň mukdaryna we hereketiniň seljerilişine gözegçilik etmek boýunça hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirdi. Ähtnama gol çekmek hem-de hyzmatdaşlyk etmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýokarda ady agzalan kompaniýanyň müdiriýetiniň başlygy we baş direktory Filipp Amonyň baştutanlygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar satyn alyjylary hem-de ýurdumyzyň söwda ulgamyny ýasama önümlerden gorajak ýokary hilli we ýokary tehnologiýaly belgileýiş çözgütleri bilen bazary üpjün etmek üçin açyk hem-de ynanyşykly gatnaşyklara taýýardygyny tassykladylar. Şeýle gatnaşyklar işewürligiň aýdyňlygyny ýokarlandyrmakda, korrupsiýa we bikanun söwdanyň garşysyna göreşmekde hem-de döwlet dolandyrylyşyny awtomatizasiýalaşdyrmak babatda kanunçylyk başlangyçlaryny goldamakda tehnologik mümkinçilikleri giňeltmäge hem mümkinçilik berer. Goragly belgileme ulgamynda dünýäde öňdebaryjylaryň biri bilen strategik hyzmatdaşlyk Türkmenistanda häzirki zaman tehnologiýalaryny özleşdirmäge we ornaşdyrmaga mümkinçilik berer. Şol tehnologiýalar işewür gatnaşyklar we umuman sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin täze sanly ynanyşmak ýagdaýyny kemala getirmäge esas bolar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ykdysadyýetde dördünji senagat öwrülişiginiň baş ugruny görýär.

Soňky habarlar
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow