Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 25.01.2020
1618

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 71-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen göni arassalanan benzini, polipropileni, suwuklandyrylan gazy, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, uçar kerosinini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna reňksiz list aýna hem-de nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlara Russiýa Federasiýasy, Türkiýe, BAE, Irlandiýa, Pakistan, Gyrgyzystan we Özbegistan degişlidir. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 37 million 123 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Pakistandan, Gonkongdan hem-de Gazagystandan gelen işewürler jemi bahasy 12 million 110 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 45 million 793 müň manatdan gowrak bolan dokma enjamlaryny, Gyýanlynyň polimer zawodynyň ýokary dykyzlykdaky polietilenini hem-de pagta süýümini satyn aldylar.

Soňky habarlar
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow