Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň «Çalyk Holding A.Ş.» kompaniýasynyň golçur kärhanasy bolan «TAPP-500 Power Transmission Line FZE» kompaniýasynyň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmakda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşyga gol çekildi. Duşuşyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça güýjenmesi 220 kW bolan elektrik geçirijisiniň ähmiýetli bölegini gurmak boýunça özara hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny işläp taýýarlamak maksady bilen guraldy. Transmilli energetika ulgamyny Mary döwlet elektrik stansiýasyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat şäheri ugry boýunça türkmen-owgan serhedine çenli ýurdumyzyň çäginde gurmak bilen bagly meseleler ylalaşyldy. 2018-nji ýylyň ýanwarynda degişli ugur boýunça Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen «Çalyk Holding A.Ş.» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Ady agzalan türk kompaniýasy bilen energetika pudagynda netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça anyk teklipleri öz içine alýan bilelikde işlenip taýýarlanan maksatnama netijeli gatnaşyklaryň ygtybarly esasy bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bolup geçen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň düýbüni tutmak dabarasynyň çäklerinde taslama gatnaşyjy ýurtlaryň Hökümetleriniň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektrik geçiriji ulgamy hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Bu ulgamyň ähli düzüm desgalarynyň energiýa üpjünçiliginden başga-da, elektrik geçiriji ulgam Owganystanyň üsti bilen Pakistana hem-de Günorta Aziýanyň beýleki ýurtlaryna elektrik energiýasyny ugratmaga mümkinçilik döreder. Şeýle hem şol ugur boýunça TOP optiki-süýümli ulgam çekiler, bu bolsa üç ýurduň arasynda maglumat-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek bilen bir hatarda, Aziýa sebitiniň bu böleginde goşulyşmak işlerini güýçlendirmäge ýardam eder. TOP-nyň gurulmagy sebitiň ykdysady taýdan ösmegine kuwwatly itergi berip, durmuş we ynsanperwer häsiýetli meseleleri çözmäge, parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge ýardam eder. Hususan-da, täze iş orunlarynyň ýüze çykmagy bilen baglylykda, ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmaga, degişli elektroenergetika, ulag-kommunikasiýa we durmuş düzümini döretmäge mümkinçilik peýda bolar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz çykyşlarynda belleýşi ýaly, özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanadan biziň döwletimiz bilen elektroenergetika hyzmatdaşlygyna gyzyklanma bildirýän döwletleriň we kompaniýalaryň sany yzygiderli artýar. Hususan-da, türkmen elektroenergiýasynyň ugradylmagyna biziň günorta we günorta-gündogar goňşy ýurtlarymyz uly gyzyklanma bildirýärler. Energetika ulgamynda Türkmenistanyň we Owganystanyň arasyndaky gatnaşyklar hem giň gerime eýe bolýar. Ençeme ýyllaryň dowamynda owgan halky türkmen elektrik energiýasyny, esasan, ýeňillikli şertlerde ulanyp gelýär. Onuň doganlyk ýurda ugradylýan mukdaryny artdyrmak maksady bilen, täze beketler gurulýar, elektrik geçiriji ulgamlar çekilýär. Türkmen gurluşykçylarynyň tagallalary bilen Owganystanda durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda lukmançylyk we bilim edaralarynyň gurulmagy, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän zawodyň ilkinji tapgyrynyň bu ýurda ugradylmagy Bitarap ýurdumyzyň hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwer döwlet syýasatynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde çykyş edip, Owganystanyň hakyky hyzmatdaş hökmünde iri energetika, ulag we kommunikasiýa taslamalaryny amala aşyrmaga çekilmegi Merkezi Aziýada howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar diýip belleýär. Owganystan Yslam Respublikasy üçin strategik mümkinçilik, onuň sebit we dünýä işlerinde orun eýelemegi hut şunda jemlenip, owgan halkynyň gülläp ösmeginiň we abadançylygynyň girewi bolup durýar. Ilatyň ykdysady, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, elektroenergiýanyň öndürilýän we ugradylýan mukdaryny artdyrmak, energiýa üpjünçiliginiň hilini ýokarlandyrmak, energiýanyň uly mukdaryny talap edýän senagat önümçiliklerini gurmak milli Liderimiziň energetika syýasatynyň esasyny düzýär. Elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäklerinde öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen gazturbinaly elektrostansiýalaryň birnäçesi guruldy. Ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen Energetika ministrliginiň düzüminde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça Halkara elektroenergetika taslamalary müdirligi döredildi. Bu müdirlik TOP taslamasynyň amala aşyrylmagy we onuň ulanmaga berilmegi bilen baglanyşykly meseleler bilen meşgullanar. Pudaga ornaşdyrylýan innowasiýalar, şeýle hem elektrostansiýalar üçin ýangyjyň netijeli we ekologiýa taýdan howpsuz görnüşleriniň biri bolan ýurdumyzyň ýerasty tebigy gazynyň ägirt uly gorlary döwlet Baştutanymyzyň milli ykdysadyýetimiziň strategik pudagynyň öňünde goýan wezipelerini netijeli çözmäge ýardam edýär. Energiýanyň gymmat däl, ygtybarly we döwrebap çeşmelerine giň elýeterliligiň bolmagy ähli döwletleriň okgunly ösmegi, olaryň halklarynyň abadan durmuşda ýaşamagy üçin möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Bu maksada ýetmek üçin dünýä bileleşiginiň tagallalary, şol sanda BMG-niň kabul eden «2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösüş babatda Gün tertibine» laýyklykda gönükdirilendir. Ykdysadyýetiň bu ulgamynda Türkmenistanyň işjeň nukdaýnazaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen döwlet strategiýasynyň möhüm düzüm bölegi hökmünde garalýar. Ýurdumyz özüniň ägirt uly serişdelerini tutuş adamzadyň hyzmatynda goýmaga çalyşýan ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny döretmäge yzygiderli goşant goşup, bu ugurda anyk çäreleri görýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daşary ýurtlara ugradylýan türkmen elektroenergiýasynyň mukdaryny artdyrmak, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyny çekmegiň taslamasyny üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, şu günki ylalaşyga gol çekilmegi hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, asuda ösüşiň, özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlygyň bähbidine giň gerimli işleriň nobatdaky tapgyrynyň başlangyjy bolar.