Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 12.01.2020
1603

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen yşyklandyryş kerosinini we tehniki kükürdi («Türkmengaz» DK), Russiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri Gyýanlynyň polimer zawodynyň ýokary dykyzlykdaky polietilenini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna buýan köküniň gury ergini, pagta-süýümi we ulýuk ýerlenildi. Satyn alan ýurtlara: BAE, Türkiýe, Serbiýa degişlidir. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 10 million 433 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 29 million manatlyk ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar.

Soňky habarlar
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen
16.08
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
16.08
Türkmenistan — BMG: parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak ugrunda
top-arrow