Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Germaniýaly lukmançylyk ylymlarynyň doktoryna Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Hormatly professory alymlyk derejesi berildi
Jemgyýet
Germaniýaly lukmançylyk ylymlarynyň doktoryna Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Hormatly professory alymlyk derejesi berildi
Çap edildi 03.01.2020
2211

Germaniýaly lukmançylyk ylymlarynyň doktory Aksel Hauşilde Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Hormatly professory alymlyk derejesi berildi. Professor Hauşild dermatologiýa we deriniň onkoilogiýa keselleri boýunça tanymal hünärmen, Ýewropanyň onkologlar birleşmesiniň ýolbaşçy komitetiniň agzasy, Kil şäheriniň uniwersitet klinikasynyň okuw merkeziniň müdiridir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda lukmançylygyň birnäçe ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklary işjeňleşdirilýär. Munuň özi bu ugurda oňyn tejribe toplan abraýly düzümler bilen gatnaşyklaryň ösdürilmeginde bolşy ýaly, milli lukmançylyk hyzmatlaryny kämilleşdirmekde hem aýratyn ähmiýetli bolup durýar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň towakganamasy we ýurdumyzyň Ýokary attestasiýa komitetiniň lukmançylyk ylymlary boýunça bilermenler geňeşiniň netijenamasy nazara alnyp, şeýle hem GFR bilen Türkmenistanyň arasynda lukmançylygyň ugurlary boýunça giň hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, hormatly Prezidentimiziň ylmy ugurlary häzirki zaman derejesinde ösdürmek baradaky wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirilmegine, lukmançylyk ylmynyň döwrebaplaşdyrylmagyna goşan şahsy goşantlary üçin ýokary ylmy derejeniň gowşurylmagy germaniýaly alymyň bitiren işine berlen ýokary baha bolup durýar. Uniwersitetiň Hormatly professory derejesine mynasyp bolan germaniýaly alym bildirilen hormat we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edýändigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdy we bu hormatly derejäni uly buýsanç bilen kabul edýändigini nygtady. Myhman Aşgabadyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi bilen bir hatarda, bu ýerde adamlaryň saglygy, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi ugrunda döwlet derejesinde alada edilmeginiň bu ugurdaky wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň baş şertini emele getirýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan saglygy goraýyş ulgamynda belent sepgitleri eýeläp, bu ugurda ägirt uly ösüşler gazandy. Munuň özi Türkmenistanyň Prezidentiniň öz halkynyň saglygy hakynda edýän yzygiderli aladasynyň aýdyň netijesidir diýip, myhman belledi we hemmelere ýene bir ýola sag bolsun aýtdy.

Soňky habarlar
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
top-arrow