Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Gökderede çagalaryň gyşky dynç alyş möwsümi başlandy
Jemgyýet
Gökderede çagalaryň gyşky dynç alyş möwsümi başlandy
Çap edildi 02.01.2020
2107

Şu gün paýtagtymyzyň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň ähli künjeklerinden gelen çagalary Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän Gökderedäki dynç alyş-sagaldyş merkezlerine gyşky dynç alşa ugratmak dabarasy boldy. Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary öz gyşky dynç alyş günlerini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda her ýyl guralýan baýramçylyk çykyşlaryna gatnaşmakdan başlaýarlar. Köşgüň studiýalarynyň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdymdyr sazlaryň, tanslaryň owazy astynda ene-atalar, mugallymlar, Täze ýyl çykyşlaryny ýerine ýetiren aýdym-saz toparlary, şeýle hem ertekileriň gahrymanlary — Aýazbabadyr Garpamyk we 2020-nji ýylyň nyşany bolan syçanjyk bilelikde oglan-gyzlary ugratdylar. Bu ýere ýygnananlar ösüp gelýän nesliň sazlaşykly kemala gelmegi, ähli ýerlerde döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň, sport we sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň gurulmagy barada edýän yzygiderli aladasy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Bu, öz nobatynda, berkarar Watanymyzyň bagtyýar çagalygyň hem-de isleg-arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdudygynyň aýdyň subutnamasydyr. Gökderäniň dynç alyş merkezlerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň sagaldyş merkezlerinde göwnejaý dynç almak hem-de boş wagty peýdaly geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Bilim, Sport we ýaşlar syýasaty, Medeniýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri dürli maksatnamany işläp taýýarladylar. Şonda sport ýaryşlary we döredijilik bäsleşikleri, sungat ussatlary bilen duşuşyklar hem-de muzeýlere we teatrlara gezelençler, sahna çykyşlaryny hem-de şygryýet agşamlaryny guramak göz öňünde tutuldy. Okuwçylar üçin dürli ugurlar boýunça gurnaklary, kompýuter progammalaryny we daşary ýurt dillerini öwrenmek boýunça okuwlary, işjeň we öwreniş dynç alyşlary guralar. Şunda olara ýokary okuw mekdeplerinde terbiýeçilik hünärleri boýunça bilim alýan talyplar hem ýardam eder. Mahlasy, Gökdere olar üçin hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmakda oňat tejribe bolar. Şeýle hem çagalar üçin paýtagtymyza — Döwlet muzeýine, «Älem» medeni-dynç alyş merkezine, «Aşgabat» seýilgähine we beýleki ýerlere gezelençler guralar. Bularyň hemmesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmenistanlylaryň geljekki nesliniň saglygyna we ösüşine yzygiderli üns berilmegi netijesinde mümkin boldy. ...Ine-de, çagalary gyşky dynç alyş dünýäsine ugratmak pursady gelip ýetdi. Ene-atalaryň we dostlaryň ak ýol arzuw etmegi bilen owadan bezelen awtobuslar kerweni Gökderä — Köpetdagyň etegindäki gözel künjege tarap ugur alýar, şol ýerde çagalara tanymal artistleriň we çagalar döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda mähirli kabul edişlik we baýramçylyk çäreleri garaşýar.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow