Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 29.12.2019
1617

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagy satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna Russiýa Federasiýasyndan, BAE-den, Türkiýeden, Pakistandan, Azerbaýjandan gelen işewür toparlaryň wekillerine nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 1 million 426 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan,Türkiýe Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Kanadadan we Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 18 million 850 müň manatlykdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 254 müň manatlykdan gowrak pagta süýümini satyn aldylar.

Soňky habarlar
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow