Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 21.12.2019
1723

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar. Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietilen we polipropilen, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň önümi bolan karbamid Russiýadan we Beýik Britaniýadan hem-de beýleki ýurtlardan gelen işewürleriň geleşikleriniň esasyny düzdi. Bulardan başga-da, Hytaýdan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Pakistandan, Gruziýadan, Gyrgyzystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna nah ýüplügi, buýan köküniň gury ekstraktyny, bejeriş-kosmetiki serişdeleriniň giň görnüşini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 41 million 574 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Kanadanyň, BAE-niň, Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 9 million 400 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi, lukmançylyk serişdelerini satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 3 million 445 müň manatlykdan gowrak pagta süýümini we übtügini satyn aldylar.

Soňky habarlar
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow