Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek babatda wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy
Jemgyýet
Sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek babatda wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy
Çap edildi 19.12.2019
2826

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Sagdyn durmuş ýörelgesi — sagdyn nesliň özeni» atly maslahat geçirildi. Bu çäre ýurdumyzyň Mejlisi, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleri, Ylymlar akademiýasy, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guraldy. Şeýle hem çärä hormatly ýaşulular, professor mugallymlar düzüminiň wekilleri hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Forumyň maksady ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, fiziki işjeňlik, sagdyn iýmitlenmek, ösüp gelýän nesliň elektron enjamlaryny uzak wagtlap ulanmagynyň ýerine peýdaly ugur hökmünde olaryň boş wagtlaryny köpräk hereket etmegine çekmek, şeýle hem şol serişdeler bilen işlenilende, gigiýena talaplarynyň berjaý edilmegi babatda sazlaşykly çäreleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň düýnki mejlisinde bu barada aýdyp, durnukly netijeleri gazanmak üçin bu ulgamda pudagara gatnaşyklaryň wajypdygyny nygtady. Çykyş edenler köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sporty ösdürmekde, beden we ruhy taýdan ösen nesli terbiýelemekde milli Liderimiziň eýeleýän uly ornuny nygtadylar. Döwlet Baştutanymyz sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolup, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, öz göreldesi bilen ildeşlerimizi ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz mähriban halkymyzyň saglygy we abadançylygy baradaky aladany Türkmenistanyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine ýetirip, ýurdumyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygaryna eýerýär. Watanymyzda bedenterbiýä we sporta jemgyýeti sazlaşykly ösdürmegiň esas düzüji ýagdaýlarynyň biri hökmünde garalýar. Şunuň bilen baglylykda, Watanymyzy tüýs ýüreginden söýýän, belent ahlak ýörelgelerine eýerýän, milli däp-dessurlara, maşgala gymmatlyklaryna sarpa goýýan, raýatlaryň beden taýdan berk we döredijilik taýdan galkynan nesillerini terbiýelemek baş maksat bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hut şeýle häsiýetleriň ýaşlaryň hem-de ýetginjekleriň ruhy-ahlak we şahsyýet taýdan kemala gelmeginde esas goýujy ýagdaýlar bolup, täze eýýamyň nesilleriniň keşbini döretmelidigini nygtaýar. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, milli Liderimiziň öňde goýan möhüm wezipelerini üstünlikli çözmek üçin ýaşlar bilen işlemekde halkara ölçeglere laýyklykda bina edilen hem-de ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň bezegine öwrülen sport we atçylyk sport toplumlarynyň, stadionlaryň we sport meýdançalarynyň, ýöriteleşdirilen mekdepleriň we sagaldyş merkezleriniň mümkinçiliklerini has işjeň peýdalanmak zerur. Depginli kompýuterleşdirilýän we sanlylaşdyrylýan asyrda saglygyňy goraýan tehnologiýalary we usullary öňe ilerletmäge şertleri döretmek üçin saglygy goraýyş we bilim, sport we jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de gyzyklanma bildirýän hemme edaralaryň tagallalaryny birleşdirmegi möhümdir. Ýaş nesilleriň saglygy üçin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak döwrüň möhüm talabydyr, ol güýjüň we gözelligiň çeşmesidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Beden we ruhy sagdynlyk adamyň özüne bolan ynamyny berkidýär, ony döredijilige ruhlandyrýar. Irki ýaşlaryndan başlap, çagalarymyzda sport endiklerini kemala getirmek — munuň özi olaryň uzak we sagdyn durmuşynyň girewidir. Şeýle nesiller üçin bolsa ýetip bolmajak menzil, hötdesinden gelip bolmajak hiç bir wezipe ýokdur.

Soňky habarlar
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
top-arrow