Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 14.12.2019
1603

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen telekeçiler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Irlandiýa, Pakistan, Eýran, Ermenistan we Gyrgyzystan döwletlerinden gelen telekeçilere daşary ýurt walýutasyna nah ýüplük, ownuk mallaryň göni ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 3 million 491 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine BAE-den, Şotlandiýadan, Pakistandan, Gonkongdan gelen işewür toparyň wekilleri jemi bahasy 7 million 610 müň manada golaý bolan nah ýüplügi we polipropilen satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 2 müň manatlykdan gowrak pagta lintini we pagta ülügini satyn aldylar.

Soňky habarlar
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow