Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze binalary
Jemgyýet
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze binalary
Çap edildi 08.12.2019
2022

Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda täze binalaryň açylyş dabaralary boldy. Şol dabaralara Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow, welaýat hem-de etrap häkimlikleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, gurluşykçylar, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda dürli ugurly täze desgalaryň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň welaýat, etrap merkezlerinde, şäherlerde we obalarda döwrebap düzümi döretmegiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns merkezinde durýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmen topragynyň ähli künjeklerinde dowam edýän giň gerimli gurluşyklar sebitleriň sazlaşykly ösdürilmegine hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga ýardam etmelidir. Şu gün ulanmaga berlen «Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň döwrebap ýyladyşhanasy munuň aýdyň subutnamasydyr. Ol Şükür bagşy adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde «Eziz doganlar» hojalyk jemgyýeti tarapyndan bina edildi. Umumy meýdany 20 gektara barabar bolan bu ýerde pomidoryň ýokary hasylly «Huanita», «Merlis» we «Tommimaro muço» sortlaryny ösdürip ýetişdirmek meýilleşdirilýär. Ösümlikleri goşmaça iýmitlendirmek, amatly howa ýagdaýyny döretmek işlerini döwrebap kompýuter ulgamlary bilen üpjün edilýär. Gyş möwsüminde gün şöhlesiniň deňagramlylygy üçin bu ýerde ýörite lampalar oturdyldy, tozanlandyrma üçin arylar ulanylar, bu bolsa, hasyllylygy, diýmek, ýyladyşhananyň düşewüntliligini artdyrmak nukdaýnazaryndan möhümdir. Bölümleriň ýerleşdirilişi pomidor hasylyny daşamak hem-de gös-göni ýyladyşhananyň girelgesinde ýüklemek işlerini geçirmäge mümkinçilik berýär. Ýyladyşhana toplumynyň ulanmaga berilmegi bilen ýüzlerçe iş orunlary döredildi. Şeýle hem bu ýerde naharhana, saglygy goraýyş bölümi, dynç alyş otaglary we kömekçi desgalar hem göz öňünde tutuldy. Dabaranyň çäklerinde sungat ussatlarynyň konserti, hususy oba hojalyk önümlerini öndürijileriň, döwrebap tehnikalaryň sergisi guraldy, täze ýyladyşhana barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi. Ahal welaýat häkimliginiň buýurmasy boýunça «Dost gurluşyk, söwda önümçilik» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan gurlan täze binalaryň hatarynda düýn ulanmaga berlen hassahana bar, onuň binasynda hirurgiýa, reanimasiýa, terapiýa, çagalar hem-de maslahat beriş-anyklaýyş bölümleri, rengenologiýa, stomatologiýa, fizioterapiýa, owkalama bölümleri bar. Täze binanyň dolandyryş bölüminde iki sany maslahatlar zaly ýerleşdirildi. Şeýle hem binalar toplumyna awtoduralga, naharhana we beýleki desgalar göz öňünde tutuldy. Gurluşyk işleriniň barşynda ýokary hilli we ekologiýa häsiýetnamalary bilen tapawutlanýan döwrebap gurluşyk serişdeleri ulanyldy. Maddy-enjamlaýyn we tehnologik üpjünçiligiň ýokary derejesi hem-de täze hassahananyň işgärleriniň hünär derejesi näsaglara ýokary hilli hyzmat etmek hem-de hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşini artdyrmak üçin şert döredýär. Täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berkarar Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, mähriban halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak barada edýän yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Soňky döwürde Kaka etrabynda ýurdumyzyň hususy gurluşyk kompaniýalarynyň güýji bilen Ahal welaýatynyň häkimliginiň buýurmasy esasynda durmuş maksatly desgalaryň birnäçesiniň durky täzelenildi — çagalar baglary we mekdepler, keselleriň öňüni almak boýunça lukmançylyk toplumy, Saglyk öýi, Perinatal merkezi we beýleki desgalar ulanmaga berildi. Suw üpjünçilik meselesi çözülýär. BAE-niň «Dew Jeneral Trading» kompaniýasy hem-de ýerli «Galkan» hojalyk jemgyýeti tarapyndan 15 kilometrlik Hywabat — Kaka suw geçirijisini gurmagyň taslamasy amala aşyryldy. Ol her gije-gündizde ýerli suw üpjünçilik ulgamyna Laýynsuw çeşmesinden suwuň 14 müň kub metrini akdyrýar. Suw oba hojalygy, durmuş hajatlary we agyz suwy üçin ulanylýar. Desgany gurmagyň barşynda energiýa serişdelerini tygşytlamaga gönükdirilen «ýaşyl» tehnologiýalar ulanyldy, olaryň netijeli ulanylmagy tebigaty goramak işini milli ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaran döwlet Baştutanymyzyň syýasatynda aýratyn orun berilýär. Baýramçylygyň öň ýanynda ulanmaga berlen täze desgalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmegiň aýdyň subutnamasydyr.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow