Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Döwrebap ýyladyşhana açyldy
Ykdysadyýet
Döwrebap ýyladyşhana açyldy
Çap edildi 05.12.2019
1820

Şu gün Gökdepe etrabynda döwrebap ýyladyşhananyň açylyş dabarasy boldy, ol «Üzümçilik» daýhan birleşiginiň çäginde guruldy. Bu waka mynasybetli geçirilen dabara welaýatyň häkimi S.Berdimuhamedow, etrap häkimliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, hormatly ýaşulular, köp sanly oba adamlary gatnaşdylar. Dabarada edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny batly depginler bilen ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegi, ýurdumyzda haryt öndürijilere döwlet tarapyndan goldawyň berilmegi netijesinde bu ugurda uly üstünlikler gazanyldy. Berkarar Watanymyzyň her bir sebitinde iri un üweýän, maldarçylyk, guşçulyk toplumlary we ýyladyşhanalar yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Şolarda öňdebaryjy tejribe ulanylyp, döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Azyk harytlarynyň dürli görnüşlerini öndürýän kärhanalaryň onlarçasy bina edildi. Şu giň gerimli işlere hususy telekeçiligiň wekilleri işjeň gatnaşyp, bu ugurda iri maýa goýum taslamalaryny üstünlikli amala aşyrýarlar. «Rysgal ojagy» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan täze ýyladyşhana hem şonuň mysalydyr. Dört bölümden ybarat ýyladyşhananyň umumy meýdany 30 gektara deňdir. 10 gektar meýdanda eýýäm pomidor şitilleriniň 212 müňden gowragy oturdyldy. Bu ýerde, esasan, tiz ýetişýän, ýokary hasyllylygy we tagamy bilen tapawutlanýan dünýä belli pomidorlaryň görnüşleri ösdürilip ýetişdiriler. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň talaplaryna laýyklykda her ýyl ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa, içeri hem-de daşary bazarda uly islege eýe bolan pomidoryň 2800 — 3000 tonnasyny almak göz öňünde tutulýar. Ýyladyşhana Gollandiýadan, Ispaniýadan, Daniýadan, Türkiýeden satyn alnan döwrebap tehnologik enjamlar bilen üpjün edildi. Olar şitilhanada kesgitlenen temperatura we ýagtylyk düzgünini, howanyň çyglylygyny awtomatik usulda saklamaga hem-de gözegçilik etmäge, topragy gurplandyrýan maddalar bilen baýlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Şunda oba hojalyk ekinlerini tozanlandyrmak üçin arylar ulanylar, bu bolsa ekologiýa nukdaýnazaryndan örän wajypdyr. Ýyladyşhananyň gurluşygynda ýokary ýylylyk saklaýjy serişdeler ulanyldy. Şeýle hem bu ýerde sowadyjy enjamlar bolup, olar gök önümleri terligine saklamaga ýardam edýär. Bu kärhananyň işgärleriniň agramly bölegini ýaşlar düzýär. Häzir bu ýerde ýaş hünärmenleriň 120-ä golaýy iki iş çalşygynda zähmet çekýärler. Olaryň netijeli işlemegi üçin zerur şertler döredildi. Naharhana, dynç almak üçin otaglar göz öňünde tutuldy. Şeýle hem bu ýerde ýene-de bir ýyladyşhananyň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Dabara gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Soňky habarlar
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen
16.08
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
16.08
Türkmenistan — BMG: parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak ugrunda
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow