Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 23.11.2019
1607

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 82-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Türkiýeden, Gazagystandan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we binýatlyk ýagy, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini we göni işlenen benzini satyn aldylar. Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Estoniýadan gelen işewürler Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň, Beýik Britaniýanyň, Hytaýyň, BAE-niň, Irlandiýanyň, Gruziýanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 104 million 220 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýadan, Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden we Pakistandan gelen telekeçiler jemi bahasy 14 million 790 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 1 million 757 müň manatlykdan gowrak Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropilen örtügini we “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar.

Soňky habarlar
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow