Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Lebap welaýatynyň şalyçylary döwlet tabşyrygyny amal etdiler
Ykdysadyýet
Lebap welaýatynyň şalyçylary döwlet tabşyrygyny amal etdiler
Çap edildi 21.11.2019
1560

Lebap welaýatynyň şalyçylary döwlete 48 müň tonna golaý şaly tabşyryp, bellenilen wezipä üstünlikli hötde geldiler. Şu ýyl Amyderýa jülgesinde güýzlik galla ýygnalandan soň boşan 10 müň gektardan biraz artyk ýerde şaly ekildi. Döwlet tarapyndan toplumlaýyn goldaw we satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlanmagy welaýatyň ekarançylarynyň üstünligine şert döretdi. Zähmet ýeňşine döwlete 10 müň tonna golaý şaly tabşyryp, şertnama borçlaryny artygy bilen berjaý eden Çärjew etrabynyň şalyçylary saldamly goşant goşdylar. Şalynyň her gektarynyň hasyllylygy ortaça 55 sentnere barabar boldy. Kerki etrabynyň ekarançylary-da ýokary netije gazandylar. Dünýä belli kompaniýalaryň döwrebap şaly ýygnaýjy komabaýnlarynyň netijeli ulanylmagy ýetişdirilen hasyly öz wagtynda we ýitgisiz ýygnamaga mümkinçilik berdi.

Soňky habarlar
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow