Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Daşoguz welaýatynyň şalyçylary şaly taýýarlamak boýunça tabşyrygy amal etdiler
Ykdysadyýet
Daşoguz welaýatynyň şalyçylary şaly taýýarlamak boýunça tabşyrygy amal etdiler
Çap edildi 12.11.2019
1608

Ýurduň demirgazyk sebitiniň şalyçylary şaly taýýarlamak boýunça ýyllyk tabşyrygy amal etdiler. 8 müň 100 gektar şaly meýdanyndan 35 müň tonnadan gowrak hasyl alyndy, munuň özi tabşyrykda bellenilendäkiden artykdyr. Üstünlige ýygymyň ýokary derejede guralmagy ýardam etdi, onda ýörüte tehnikalaryň ençemesi, şol sanda ýokary öndürijilikli John Deere we Claas kombaýnlarynyň iki ýüze golaýy işledildi. Daşoguzly ekarançylar şaly ýetirşdirmekde baý tejribe topladylar. Oba hojalyk önümçiliginiň bu ugrunyň yzygiderli ösdürilmeginde döwlet tarapyndan goldaw berilmeginiň, şeýle hem bu ekini ýetişdirmegiň döwrüň synagyndan geçen däpleriniň we oba hojalyk täzeçillikleriniň ähmiýeti uly boldy. S. Türkmenbaşy etrabynyň şaly ýetişdirmäge ýörüteleşdilen hojalyklarynda şaly önümçiliginiň gutarnykly tapgyry döredildi. Bu ýerde ýokary hilli tohumlary taýýarlamak ýola goýuldy.

Soňky habarlar
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow