Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Halk hojalyk toplumyny döwrebaplaşdyrmak — ykdysady ösüşiň ugry
Ykdysadyýet
Halk hojalyk toplumyny döwrebaplaşdyrmak — ykdysady ösüşiň ugry
Çap edildi 13.11.2019
1039

Türkmenistanyň durnukly ösüşini we rowaçlygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň maksady bolup durýar. Iri taslamalary amala aşyrmak üçin halk hojalyk toplumyna gönükdirilýän uly möçberdäki maliýe serişdeleri — bu Garaşsyz Watanymyzyň nurana geljegine goýulýan maýadyr. Öňde goýlan wezipäni çözmekde döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 1-nji fewralynda tassyklan ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň amala aşyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan teklip edilen halk hojalyk toplumyny ösdürmegiň geljek ýedi ýyl üçin nusgasy strategik ugurlaryň birnäçesini, ozaly bilen, senagat we hyzmatlar ulgamynyň düzümleýin özgerdilmegini öz içine alýar. Onda ýokary tehnologiýaly önümçiligi goldamaga aýratyn üns berilýär. Goşulan baha üçin az salgytly hem-de ylmy-tehniki derejesi pes bolan senagat önümlerini çykarmakdan ýokary goşulan bahaly harytlaryň öndürilmegine geçmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem esasy wezipeleriň hatarynda döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmagyň hem-de olary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmegiň hasabyna şol desgalary azaltmak boýunça işleri işjeňleşdirmek bellenildi. Şonuň bilen birlikde, kärhanalarda düzümleýin özgertmeleri geçirmek üçin dolandyryş hem-de önümçilik babatda dünýäniň öňdebaryjy ylmy we tehnologik gazananlaryny ulanmak göz öňünde tutulýar, şolara laýyklykda, dolandyryş ulgamy täzeleniler. Sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly edaralaryň işiniň üýtgedilip guralmagy ykdysadyýetiň täze nusgasyny döretmek üçin esas bolup hyzmat eder. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 1-nji fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde çykyş edip, maksatnamanyň marketing strategiýasyna hem düzedişleri girizmegi öz içine alýandygyny belledi. Şunda umumylaşmagyň we halkara derejede goşulyşmagyň kärhanalar üçin örän uly bazarlary açýandygyna üns berildi. Olara öz maýa goýum taslamalaryndan gelip çykýan artykmaçlyklary doly derejede peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Döwlet çykdajylaryny azaltmak we hususy pudagyň hem-de daşary ýurt şereketleriniň maýa goýumlaryny çekmek üçin şertleri ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, maýa goýmagyň täze görnüşlerini işläp taýýarlamak, hususan-da, döwlet bilen hususyýetçiligiň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Tassyklanan maksatnama laýyklykda, elektrik energetikasy, nebiti we gazy çykarmak hem-de gaýtadan işlemek, elektronika, senagat, oba hojalyk, ulag we aragatnaşyk hem-de syýahatçylyk pudaklary ykdysadyýetimiziň hereketlendiriji güýjüne öwrülmeli esasy ulgamlar hökmünde kesgitlenildi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ykdysadyýete geçilmegini hem strategik wezipeleriň hatarynda kesgitläp, maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi eziz Watanymyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga mümkinçilik berjekdigini belledi. Bu gün ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeliligi döwlet Baştutanymyzyň daşary we içeri syýasatynyň öňdengörüjiligini tassyklaýar. Milli ykdysadyýetiň ösüşiniň durnuklylygy ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça, ýagny senagat, oba hojalyk, gurluşyk we hyzmatlar ulgamy boýunça öndürilýän önümleriň artmagyna esaslanýar, bu bolsa jemi içerki önümiň (JIÖ) depginli ösmegine getirýär. Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň maglumatlaryna görä, şu ýyl bu görkezijiniň 6,3 göterime deň bolmagyna garaşylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyk gelýän çäreleriň toplumlaýyn durmuşa geçirilmegi 2025-nji ýylda jemi içerki önümiň 8,2 göterime çenli ýokarlanmagyna, hyzmatlar ulgamynda 45,8 göterime, senagat pudaklarynda 33,8 göterime, gurluşykda 11,5 göterime, oba hojalygynda 8,9 göterime deň bolar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Diýarymyzyň ýokary ykdysady ösüşi uly serişde mümkinçiligi, islegiň durnuklylygy, şeýle hem ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna köp möçberde maýa goýulmagy bilen şertlendirilendir. 2019 — 2025-nji ýyllarda bu görkeziji 229,3 milliard manada barabar bolar. Türkmenistanyň Prezidentiniň ady agzalan maksatnamasyna laýyklykda, maýa goýum desgalarynyň 289-sy göz öňünde tutuldy, şolaryň 253-si täze işe girizilmeli desgalardyr, 36 desganyň durky täzeleniler we döwrebaplaşdyrylar. Şunda meýilleşdirilen maýa goýum desgalarynyň 273-si önümçilik maksatly desgalar bolup durýar. Diýarymyzyň nebitgaz toplumyny ýokary tehnologiýalar bilen döwrebaplaşdyrmak ýurdumyzyň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda meýilleşdirilen işler diňe bir uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşyny artdyrmagy däl, eýsem, şolaryň düýpli gaýtadan işlenilmegini hem göz öňünde tutýar. 2019 — 2025-nji ýyllarda ýangyç-energetika pudagynda 22 desga işe giriziler we durky täzelener, bu bolsa çig maly gaýtadan işlemegiň çuňlugyny ýokarlandyrar, nebitgaz toplumynyň içerki we daşarky bazarlar üçin niýetlenýän ýokary hilli önümleriniň görnüşini giňelder. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň esasy pudaklarynyň hatarynda görkezen elektroenergetika senagatynda geljek ýedi ýylyň içinde 7 desgany işe girizmek meýilleşdirilýär. Täze desgalaryň işe girizilmegi diňe bir ýurdumyzyň sarp edijileriniň elektrik energiýasyna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmaga däl, eýsem, onuň eksporta iberilýän möçberini artdyrmaga hem mümkinçilik berer. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, 2019 — 2025-nji ýyllarda elektrik energiýasynyň işlenip çykarylýan möçberi 17,4 göterim, eksporty bolsa 4,5 göterim ýokarlanar. Türkmenistanyň Prezidentiniň oba hojalyk syýasaty ýurdumyzyň azyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmäge, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny durnukly artdyrmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn geljekde oba hojalygynda 56 desgany işe girizmek we döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutuldy. Döwlet hemmetaraplaýyn goldawy kepillendirýär, şeýle goldaw obasenagat toplumynyň we tutuş obanyň ähli amatlyklarynyň döwrebaplaşdyrylmagynda ýüze çykýar. Pudak iň gowy oba hojalyk, gurluşyk tehnikasy we beýleki ýöriteleşdirilen tehnika — traktorlar, kombaýnlar, beýleki oba hojalyk gurallary bilen üpjün edilýär. Ykdysady ösüşiň depginini görkezýän senagat we kommunikasiýalar ulgamy, öňdebaryjy maglumat tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, döwrebap ulag düzüminiň döredilmegi hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan milli ykdysadyýetimiziň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Bu ulgamlarda 2019 — 2025-nji ýyllarda maýa goýum desgalarynyň 41-sini täzeden işe girizmek we bar bolanlarynyň durkuny täzelemek göz öňünde tutuldy. Şu ýyllarda mineral dökünleriň ähli görnüşleriniň (azot, kaliý, fosfor dökünleriniň) öndürilişi 39,3 göterim, olaryň eksporty bolsa 58,3 göterim ýokarlanar. Hususan-da, 2025-nji ýylda kaliý dökünleriniň öndürilişi 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 4 esse, şolaryň eksporty bolsa 5,7 esse köpeler. Geljek ýyllarda himiýa önümleriniň öndürilişi, gurluşyk serişdeleriniň, dokma senagatynyň önümçiliginiň ep-esli ýokarlanmagyna garaşylýar. Şu döwürde natriý sulfaty 10 esse, tehniki ýod 2,3 esse, kükürt kislotasy 2,4 esse, gurluşyk aýnasy 42,4 göterim, diwarlyk serişdeler 24,4 göterim, örme we tikin önümleri 48,9 göterim, nah matalar 16,1 göterim köp öndüriler. Ulag geçelgeleriniň üstünlikli gurulmagy ýükleriň daşalyşyny 10,2 göterim artdyrmaga mümkinçilik berer. Netijede, 2019 — 2025-nji ýyllarda senagat we kommunikasiýalar toplumynyň eksporty boýunça görkeziji 29,9 göterim artar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady syýasatynda döwlete dahylsyz ulgamy netijeli ösdürmek boýunça giň gerimli işler göz öňünde tutuldy. Döwlet kiçi we orta telekeçiligi, hususy başlangyçlary ösdürmäge yzygiderli hem-de hemmetaraplaýyn goldawy amala aşyrýar. Meselem, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň çäklerinde, bu maksatnama laýyklykda desgalaryň 138-sini işe girizmek göz öňünde tutuldy. Şu günki günde ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri BMG-ä agza döwletleriň ählisi tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek bolup durýar. BMG-niň 2015-nji ýylyň sentýabrynda bolup geçen sammitinde Türkmenistanyň Hökümeti 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini doly goldaýandygyny mälim etdi we şeýlelikde, ýurtda Durnukly ösüş maksatlaryny millileşdirmek boýunça işlere badalga berildi. Türkmenistan 2016-njy ýylda gyzyklanýan taraplary giňden çekmek bilen, BMG-niň agentlikleriniň goldaw bermeginde ählumumy maksatlary uýgunlaşdyrmak boýunça geňeşmeleri geçiren ilkinji ýurtlaryň biri boldy. Türkmenistanyň Hökümeti Durnukly ösüş maksatlarynyň 17-sini, 148 wezipäni we 187 görkezijini resmi taýdan tassyklady. Dünýä derejesinde görkezijileriň üýtgemegi bilen baglylykda, 2018-nji ýylyň awgustynda 15 görkeziji aýryldy, 14 görkeziji üýtgedildi we 3 görkezijä goşmaça girizildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda 148 wezipe we 175 görkeziji tassyklanyldy, şolar 2030-njy ýyla çenli döwürde durmuşa geçiriler. Durnukly ösüş maksatlarynyň kabul edilen pursadyndan bäri ýurdumyzda durmuş we ykdysady syýasatda degerli netijeleri gazanmak, bazar gatnaşyklaryna geçmegi çuňlaşdyrmak, ykdysady ösüşiň durmuşa gözükdirilen ugruny dowam etdirmek, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak hem-de onuň täsirini gowşatmak boýunça netijeli çäreleri görmek başartdy. Kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek we şolary amala aşyrmakda öňegidişlik barada hasabatlary bermek maksady bilen, 2017-nji ýylyň noýabr aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Durnukly ösüş maksatlaryna gözegçilik ulgamynyň binýatlaýyn düzümini tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Ol ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, okuw we ylmy edaralaryň wekillerinden ybarat bolup durýar. Utgaşdyryjy we Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekdäki öňegidişlige gözegçiligi amala aşyrýan ygtyýarly edara hökmünde Maliýe we ykdysadyýet ministrligi kesgitlenildi. Bu gün Durnukly ösüş maksatlary döwlet syýasatynda ep-esli derejede uýgunlaşdyryldy hem-de onuň wezipeleriniň 84 göterimi milli we pudaklaýyn maksatnamalarda öz beýanyny tapdy. «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy», beýleki milli meýilnamalar we ösüş strategiýalary durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilendir hem-de 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ählumumy Gün tertibinde goýlan wezipeleri görkezýär. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» milli derejäniň wezipeleriniň we görkezijileriň sanawy orta möhletli geljek üçin maksatlaýyn gözükmeler hökmünde hem göz öňünde tutuldy. Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça gazanan üstünlikleri bilen biziň ýurdumyz 2019-njy ýylyň 18-nji iýulynda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda bolup geçen «Adamlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de ählumumy gurşap almagy we deňligi üpjün etmek» mowzugy boýunça Ýokary derejedäki syýasy forumda özüniň birinji Meýletin milli synynda tanyşdyrdy. Synda durmuş-ykdysady ösüşiň esasy ugurlary, 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň kabul edilen pursadyndan bäri ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri beýan edildi. Syýasy forumyň başlygy we oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça gazanan üstünliklerine ýokary baha berdiler we bu dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýar. Bu resminamada 2019-njy ýylyň klaster maksatlary görkezildi: olar gowy bilime (4-nji maksat), mynasyp işe we ykdysady ösüşe (8), deňsizligi azaltmaga (10), howanyň üýtgemegi bilen göreşe (13), parahatçylyga, adyl kazyýetlilige we netijeli edaralara (16), Durnukly ösüş maksatlarynda hyzmatdaşlyga (17) degişli maksatlardyr. Synyň üsti saglyk we abadançylyk meselelerine degişli 3-nji maksat bilen ýetirildi. Türkmenistanyň meýletin milli synynyň tapawutly tarapy her bir bölüme seredilýän maksatlaryň wezipeleri bilen beýleki Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipeleriniň özara baglanyşygyna geçirilen seljermäniň goşulmagy bolup durýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanyşykly we öňdengörüjilikli syýasatynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyz DÖM-ne ýetmekde ykdysady we durmuş ulgamlarynda hem, ekologiýa babatda hem oňat netijeleri gazandy, bular Türkmenistanyň birinji Meýletin milli synynda görkezildi. Bu babatda saglygy goramak ulgamynda ýurdumyzyň hemme ýerinde döwrebap lukmançylyk merkezleriniň we hassahanalaryň gurulýandygyny, dünýä ülňüleriniň derejesindäki häzirki zaman lukmançylyk hyzmatlarynyň giň toparynyň ilat üçin elýeterliligini üpjün etmek boýunça şertleriň döredilendigini bellemek bolar. Ýurdumyzda temmäkä garşy çäreler alnyp barylýar, bu bolsa temmäkiniň sarp edilişini ep-esli azaltmaga mümkinçilik berdi. BSGG STERS barlaglarynyň netijeleri boýunça, Türkmenistanda 2018-nji ýylda çilim çekýän uly ýaşly adamlar boýunça görkeziji 3,4 göterime deň boldy. Bu biziň ýurdumyzyň çilim çekmegiň dünýäde iň pes derejede ýaýran ýeridigini görkezýär. Ýurdumyzda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny hil taýdan täzelemäge, ýokary tehnologik bilim gurşawyny döretmäge, maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen yzygiderli özgertmeler geçirilýär. Ähli welaýatlarda täze, häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän çagalar baglary we umumybilim berýän mekdepler guruldy. Bu gün ýurdumyzda 3200-den gowrak bilim edarasy hereket edýär. Diýarymyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň sany ýyl-ýyldan köpelýär. Muňa 2015 — 2018-nji ýyllarda Türkmenistanda ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň sanynyň 24,3 göterim köpelendigi-de şaýatlyk edýär. Häzir ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ähli zady öz içine alýan we durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge ukyply bazar gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen özgertmeler işjeň alnyp barylýar. Ýeterlik derejede ösen önümçilik, amatlyklar we adam kuwwatyna eýe bolan Türkmenistan düýpli ösüş gazandy hem-de dünýäniň depginli ösýän döwletleriniň hatarynda berk ornaşdy. Jemi içerki önümiň ösüş depgini munuň subutnamasy bolup biler, häzirki wagtda bu görkeziji 6,3 göterim derejede saklanýar. 2025-nji ýylda bolsa bu görkezijiniň 8,2 göterim derejesinde üpjün edilmegi çaklanylýar. Durnukly ykdysady ösüş halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, täze iş ýerlerini döretmek, ilatyň ykdysady taýdan işjeňligini güýçlendirmek boýunça maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilişine gönüden-göni baglydyr. Bu gün ykdysadyýetde işleýänleriň sany zähmet serişdeleriniň 73,1 göterimine barabardyr. 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2018-nji ýylda öý hojalyklarynyň jemi girdejisi, baha subsidiýalaryny we dotasiýalary hasaba almazdan, tutuş ýurdumyz boýunça 17,4 göterim ýokarlandy. Milli ykdysadyýetde telekeçileriň sanyny köpeltmegiň ileri tutulýan häsiýeti bardyr, häzirki wagtda döwlete dahylsyz bölegiň jemi içerki önümiň düzümindäki paýy (ýangyç-energetika toplumyny goşmazdan) 68,5 göterime deňdir. Soňky ýyllarda döwlete dahylsyz bölege berilýän karzlaryň möçberi ep-esli köpeldi — 2015 — 2018-nji ýyllar aralygyndaky döwürde bu görkeziji 1,5 esseden gowrak artdy. Tebigaty goraýyş ulgamy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Türkmenistan ekologiýa meselesine uly ähmiýet berýär hem-de BMG-niň Howanyň üýtgemegi hakynda Çarçuwaly ylalaşygynyň we howa boýunça Pariž ylalaşygynyň agzasy bolup durýar. Ýurdumyzda ekologiýa kadalaryny we standartlaryny uýgunlaşdyrmak boýunça anyk çäreler görülýär hem-de durmuşa geçirilýär. Şular ýaly uýgunlaşdyrmak çäreleriniň biri hem Garagum sährasynda gurlan «Altyn asyr» Türkmen kölüdir, bu köl zeý akabalarynyň suwlaryny ýygnamaga we gaýtadan peýdalanmaga niýetlenendir. Merkezi Aziýada suw we ekologiýa meselelerini çözmek hem-de Aral çökgünliginiň netijelerini ýeňip geçmek maksady bilen, Türkmenistan Aral deňziniň sebitindäki ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak boýunça hereketleriň maksatnamasyny hem-de BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar. Şunuň bilen bir hatarda, 2019-njy ýylyň maý aýynda BMG-niň Baş Assambleýasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» Kararnamasyny biragyzdan kabul etdi. Şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak köp babatda ählumumy hyzmatdaşlyga baglydyr. Türkmenistan öz işjeň çemeleşmesini Durnukly ösüş maksatlaryny diňe bir milli derejede üstünlikli durmuşa geçirmekde görkezmän, eýsem, Merkezi Aziýa ýurtlaryna degişli möhüm meseleler boýunça sebitde başlangyç bilen çykyş edýän ýurt hökmünde hem öz ornuny pugtalandyrýandygyny görkezýär. Ýurdumyz halkara işlere işjeň gatnaşýar hem-de ähli döwletler bilen özara gatnaşyklary deňhukuklylyk, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitlilik esasynda guraýar. Türkmenistan abraýly guramalaryň 47-sine, konwensiýalaryň we şertnamalaryň 150-sine, BMG-niň geňeşleriniň, komitetleriniň we komissiýalarynyň 9-syna gatnaşýar. Şeýlelikde, Meýletin milli syny taýýarlamagyň çäklerinde geçirilen iş gazanylan öňegidişlige baha bermäge hem-de Türkmenistanda DÖM-ni amala aşyrmak boýunça geljekki ädimleri anyklamaga mümkinçilik berdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň sentýabrynda Halk Maslahatynyň mejlisinde çykyş edip, döwlet emlägini hususylaşdyrmagyň döwlet syýasatymyzyň düzüm bölegi bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugra aýratyn ähmiýet berilýär. Diýarymyzda bu işler Türkmenistanyň «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda» Kanunyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 7-nji iýulyndaky «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagyny we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyny kämilleşdirmek hakynda» 13746 belgili Kararyna laýyklykda geçirilýär. Bu ugurdaky işler maýa goýum bäsleşigi, bäsleşikli söwdalar, hususylaşdyrmagyň obýektiniň göni (salgyly) satylmagy, kärende şertinde ulanylýan obýektiň onuň kärendeçisine satylmagy hem-de döwlet eýeçiligindäki paýnamalaryň gazna biržasynyň üsti bilen satylmagy esasynda amala aşyrylýar. Milli ykdysadyýetimizde eýeçiligiň ähli görnüşlerini deň şertlerde ösdürmegiň we şonuň esasynda hojalygy ýöretmegiň ykdysady taýdan netijeli esaslaryny düzgünleşdirmegiň binýadynda bazar gatnaşyklaryny has-da kämilleşdirýän özgertmeleri çuňlaşdyrmak, köp sanly haryt öndüriji taraplary döretmek, senagatyň, gurluşygyň hem-de beýleki pudaklaryň kärhanalaryny dolandyrmagyň dürli eýeçilikdäki düzümini kemala getirmek maksady bilen, «Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013 — 2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» durmuşa geçirildi. Şu Karara laýyklykda, oba hojalygyna degişli maldarçylyk pudagyna, dokma senagatyna, söwda toplumyna degişli kärhanalar hem-de desgalar tapgyrlaýyn hususylaşdyryldy. Şeýle hem maksatnamadan daşary balyk hojalygyna, syýahatçylyga, oba hojalygyna degişli kärhanalar hususylaşdyryldy. Gurluşyga degişli kärhanalaryň sanawy düzülip, degişli işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde hususylaşdyrmagy işjeňleşdirmek, bäsleşikli söwdalaryň hilini ýokarlandyrmak, ahyrky netijede bolsa, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, kadalaşdyryjy-hukuk namalary kämilleşdirilýär. Şeýle-de, Türkmenistanda ýakyn wagtlarda bu ugurdaky çäreler ýokarda agzalan Kanuna hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 16-njy martyndaky 701-nji belgili Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Meýilnamasyna» laýyklykda amala aşyrylar. Bu resminamada ýitgili işleýän, hereketsiz duran hem-de ilatyň sarp edýän harytlaryny öndürýän, şol sanda oba hojalyk we azyk ugurly döwlet kärhanalaryny hem-de desgalaryny hususylaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň wajypdygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça wezipeleriň çözülmegini hem alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitledi. Ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeler, şol sanda halkara ähmiýetli taslamalar barada maglumatlary dünýä ýaýmak, şol bir wagtyň özünde daşary ýurt hem-de halkara banklarynyň, maliýe edaralarynyň, senagat şereketleriniň maýa goýumlaryny Türkmenistana çekmek bilen bagly milli Liderimiziň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň howandarlygynda «www.invest.gov.tm» web saýtyny döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, bank edaralary, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Pensiýa gaznasy, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýeti, Statistika baradaky döwlet komiteti ýaly edaralaryň bellige alyş ulgamyny kämilleşdirmek, işini özara ýakyndan utgaşdyrmak, olaryň arasynda elektron görnüşinde resminama dolanyşygyny häzirki zaman derejesinde ýola goýmak üçin bäsleşik esasynda ýuridiki şahslary döwlet tarapyndan bellige almaga degişli programma üpjünçiligi satyn alnar we ornaşdyrylar. Döwletiň býujetini taýýarlamak, dolandyrmak we makroykdysady çaklamalary ýerine ýetirmek hem-de gaznanyň töleg ulgamyny kämilleşdirmek üçin zerur bolan serwer, kompýuter tehnikalaryny, goşmaça enjamlaryny, programma üpjünçiligini satyn almak hem-de ornaşdyrmak maksady bilen anyk çäreler görülýär. Şeýle çäreler emläk gatnaşyklary we telekeçiligi goldamak bölüminiň üstüne ýüklenen wezipeleri ýokary hilli hem-de öz wagtynda ýerine ýetirmek maksady bilen, eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň maglumatlar binýadyny ýöretmek üçin programma üpjünçiligini satyn almak hem-de ornaşdyrmak maksady bilen hem görülýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde, Elektron resminama dolanyşygy boýunça programma üpjünçiligini satyn almak we ornaşdyrmak maksady bilen bäsleşik geçiriler. Syndan görnüşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan ýakyn ýyllar üçin Türkmenistany ösdürmegiň maksatnamasyndaky esasy wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Bular özgertmeleriň amala aşyrylmagynda, döwlet maksatnamalarynyň we taslamalarynyň esasynda işleriň üýtgedilip guralmagynda, işleriň netijeliliginiň artdyrylmagynda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagynda, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagynda öz beýanyny tapýar.

Soňky habarlar
29.11
Budapeştde Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisi öz işine başlady
29.11
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Wengriýa iş sapary başlandy
28.11
Azyk howpsuzlygynyň bähbidine halkara hyzmatdaşlyk
28.11
Bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
28.11
Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
27.11
Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly
27.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
top-arrow