Ýurdumyzyň ykdysady durmuşyndaky esasy wakalary şöhlelendirýän hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan özgertmeleri bilen okyjylary tanyşdyrýan «Maliýe we ykdysadyýet» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Neşiriň makalalarynda Türkmenistanda işewürler gurşawyny, maliýe we maýa goýum ýagdaýyny döredýän, halkara bazarda döwletiň ornuny kesgitleýän dürli özgertmelere syn berilýär. Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan esaslandyrylan hem-de türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän žurnalda esasy maliýe-ykdysady meseleler boýunça bilermenleriň gatnaşyklaryna seljerme berilýär hem-de bu işe ýaş alymlaryň, işewürleriň we ýolbaşçylaryň gyzyklanmasyny artdyrýar. Şeýle hem bu neşir mugallymlara, aspirantlara we talyplara, döwlet edaralarynyň hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş düzümleriniň işgärlerine, menejerlere we marketologlara niýetlenendir. Neşiriň täze sany döwlet Baştutanymyzyň 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Halk Maslahatynda eden çykyşynda milli maliýe-ykdysady we bank ulgamynyň öňünde goýan wezipelerine bagyşlanan makala bilen açylýar. Bu wezipeler durmuş ulgamyndaky özgertmeleri, Diýarymyzyň senagat taýdan ösüşi arkaly halkymyzyň, her bir raýatymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin şertleriň döredilmegini, ägirt uly çig mal serişdelerimiziň netijeli ulanylmagyny we eksporty artdyrmagy, ähli ugurlarda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwlet býujeti esasy maliýe guraly hökmünde önümçiligi durnukly ösdürmegiň, giň möçberli maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň, umuman, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi üçin ähli şertleri döretmegiň zerurlygyndan ugur alýar. Diýarymyzyň maliýe we bank ulgamlarynyň dünýä pul ulgamyna goşulyşmagyna, ykdysady çökgünlikleriň ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyna ýetirýän täsirini aradan aýyrmaga hem-de azaltmaga, çykdajylaryň rejeli we netijeli bolmagynyň derejesini ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak, söwda-bazar gatnaşyklarynyň ösüşini çaltlandyrmak, ýurdumyzda pul dolanyşygynyň durnuklylygyny gazanmak, netijeli we durnukly salgyt ulgamyny döretmek, zähmet serişdelerini dolandyrmak boýunça wezipeleri öňde goýdy. Sanly ykdysadyýet bolmazdan ýurdumyzyň ösüşini göz öňüne getirmek mümkin däldir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgama geçilmegini döwlet dolandyryş ulgamyny, ykdysadyýeti, tutuş jemgyýeti kämilleşdirmegiň esasy şerti hökmünde kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, pudaklary ösdürmegiň täze maksatnamasyny işläp taýýarlamagyň, şonda Türkmenistanyň sanly tehnologiýalar merkezini döretmegi göz öňünde tutmagyň möhümdigi bellenildi. Şu ýylyň dokuz aýynyň jemleri boýunça žurnalda çap edilen statistika synynda getirilen makroykdysady görkezijiler döwletimiziň durmuş-ykdysady strategiýasynyň iş ýüzünde amala aşyrylýandygyna güwä geçýär. Neşiriň nobatdaky sany «Durmuş-ykdysady ösüşiň üznüksiz önümçilik, pudaklaýyn we sebitleýin deňölçeglikleri» atly seljeriş makalasy bilen dowam edip, şonda Türkmenistanyň bazar ykdysadyýetiniň nusgasy häsiýetlendirilýär. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň okgunly senagatlaşdyrylmagynyň barşynda jemi içerki önümiň düzüminde üýtgeşmeler bolup geçýär. Muňa hyzmat edýän pudaklaryň jemi içerki önümçilikde tutýan paýynyň 2012-nji ýylda 24,9 göterim bolanlygyndan, 2018-nji ýylda 44,2 göterime çenli ýokarlanandygy-da şaýatlyk edýär. «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy: Türkmenistanyň halkara ykdysady hyzmatdaşlyk we durnukly ösüş babatda täze başlangyçlary» atly makalada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kesgitlän halkara hem-de sebit gatnaşyklarynyň wajyp ugurlary açylyp görkezilýär. Makalada 2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda türkmen paýtagtynda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň jemi jemlenýär. Milli Liderimiziň ýokary derejeli maslahatda beýan eden hem-de taraplaryň kabul eden Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Aşgabat Jarnamasynda öz beýanyny tapan teklipler üns merkezinde boldy. Žurnalyň yzygiderli beýan edýän mowzuklarynyň biri — Durnukly ösüşiň maksatlary. Neşiriň täze sany bu baradaky gürrüňi dünýäniň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin gün tertibini, Türkmenistanyň ähli milli we pudaklaýyn maksatnamalaryna ornaşdyrylan DÖM-ne ýetmek boýunça çäreleri amala aşyrmak boýunça ýurdumyzyň görýän çäreleri barada gürrüň berýän makalada dowam edýär. «Logistikada marketingiň orny» atly makala dürli derejedäki ýolbaşçylary gyzyklandyrsa gerek. Şonda ýurdumyzyň logistika ulgamynyň ösüşiniň aýratynlyklary we ugurlary, ýükleri içerki hem-de daşarky sarp edijilere ýetirmegiň netijeliligini artdyrmagyň usullary görkezilýär. «Türkmenistanda halkara syýahatçylygy ösdürmegiň strategiýasy» atly makalada bolsa, maliýe žurnaly üçin täze mowzuk gozgalýar. Bu makalada myhmansöýerligiň hem-de syýahatçylygyň Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyna goşandyny artdyrmak meselelerini gozgaýar. Şolara milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda bar bolan uly mümkinçilikleriň mysalynda syýahatçylyk toplumynda işleriň gerimini giňeltmek boýunça maksatlaýyn görkezmeleri nukdaýnazaryndan garalýar. Şeýle hem žurnalyň nobatdaky sanynda «Sanly ykdysadyýet — rowaçlygyň ykdysadyýeti» hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň maýa goýum syýasatynyň dürli ugurlary, maliýe ulgamyny kämilleşdirmek hem-de bank hyzmatlary ulgamyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça makalalar ýerleşdirildi. Hünärmenleriň makalalarynda bu gün Diýarymyzda ulanylýan iň gowy daşary ýurt we öňdebaryjy dünýä tejribesine seredilýär, milli Liderimiziň strategik maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde täze sepgitleri gazanmak boýunça teklipler öňe sürülýär.