Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Lebap welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet üstünligi
Ykdysadyýet
Lebap welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet üstünligi
Çap edildi 08.11.2019
819

Şu gün Amyderýa jülgesiniň pagtaçylary döwlete pagta satmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Olar taýýarlaýyş nokatlaryna ýokary hilli “ak altynyň” 300 müň tonna golaýyny tabşyrdylar, munuň özi 120 müň gektar meýdana ekilen gowaçanyň ýokary hasyl berendigini alamatlandyrýar. Darganata, Saýat we Halaç etraplarynyň oba zähmetkeşleri welaýatda ilkinji bolup, şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Kabul ediş nokatlaryna 57 müň tonnadan gowrak pagta tabşyran Çärjew etrabynyň, 55 müň tonna pagta tabşyran Halaç etrabynyň hem-de 50 müň tonna golaý «ak altyn» tabşyran Saýat etrabynyň ekerançylary bu üstünlige uly goşant goşdular. Bu etraplar Amyderýa jülgesiniň iri pagtaçylyk sebitleridir. Pagta ýygym möwsümine gatnaşyjylaryň ählisiniň zähmeti ýokary derejede guramaklary ýetişdirilen hasyly gysga möhletlerde ýygnap almaga mümkinçilik berdi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan çuňňur düzümleýin özgertmeleriň çäklerinde ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak, işe öňdebaryjy obasenagat tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy ýokary netijeler hem-de hil görkezijilerini gazanmaga içgin gyzyklanma bildirýän ekerançylaryň zähmetini höweslendirmek boýunça geçirilen çäreler şeýle ýokary sepgitlere ýetmäge ýardam berdi, şu ýyl pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlary ep-esli ýokarlandyryldy. Pagtaçy kärendeçileriň aglabasy her gektar ýerden 45 — 50 we ondan hem köp sentner «ak altyn» alyp, şertnamalaýyn borçnamalaryny 1,5 — 2 esse artyk ýerine ýetirdiler. Sebitiň öňdebaryjy daýhan birleşikleri şu ýylky möwsümi döwlet tabşyrygyny artygy bilen ýerine ýetirmek bilen jemledi. Mysal üçin, Darganata etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginiň pagtaçylary bu gymmatly çig maly taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny 25 göterim artyk berjaý etdiler. Saýat etrabynyň «Bereket», Kerki etrabynyň O.Söhbetow adyndaky, Halaç etrabynyň S.Nyýazow adyndaky, Köýtendag etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşikleriniň ekerançylary we köp sanly beýleki hojalyklar pagta ýygymynda ýokary sepgitleri eýelediler. Welaýatyň pagtaçylarynyň zähmet üstünliginde pagta ýygyjy kombaýnlaryň hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen yzygiderli üsti ýetirilýän beýleki oba hojalyk tehnikalaryň mehanizatorlarynyň hem uly paýy bar. Pagta ýygymy möwsüminiň gyzgalaňly döwürlerinde kombaýnlaryň ýüzlerçesi gije-gündizleýin tertipde işledildi. Bu tehnikalar bilen hasylyň köp bölegi ýygnaldy. Şu günler Lebap welaýatynda bar bolan pagtany gaýtadan işleýän kärhanalarynyň 11-si hem gije-gündizleýin tertipde işläp, täze hasyly gaýtadan işleýärler, ähli pagta egirme we dokma fabrikleri pagtadan taýýar önümleri öndürýärler. Mälim bolşy ýaly, türkmen pagta süýümi we ýüplügi, dokma önümleri dünýä bazarynda uly islege eýedir. Halkara hil ölçeglerine laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa önümler dünýäniň köp ýurtlarynda ägirt uly islegden peýdalanýar. Şu gün Lebap welaýatynyň pagtaçylary uly zähmet üstünligini toýlaýarlar. Dabaranyň çäklerinde pagta ýygymynyň barşynda öňde goýlan wezipeleriň abraý bilen berjaý edilmegine öz goşandyny goşan pudagyň öňdebaryjylaryny, kärendeçileri, mehanizatorlary, kombaýnçylary, sürüjileri we beýlekileri sylaglamak çäresi geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň adyndan olara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Belli aýdymçylar, sazandalar, tans we folklor toparlary konsert maksatnamasy bilen çykyş etdiler. Lebap welaýatynyň pagtaçylary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna iberen hoşallyk hatynda geljekde hem özleri üçin döredilen uly ykdysady höweslendirme çärelerine, döwletimiziň aladalaryna daýanyp, mundan beýläk hem öňde goýlan wezipeleri mynasyp ýerine ýetirmek, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşmak üçin öz tejribelerini we başarnyklaryny aýamajakdyklaryna döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar.

Soňky habarlar
29.11
Budapeştde Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisi öz işine başlady
29.11
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Wengriýa iş sapary başlandy
28.11
Azyk howpsuzlygynyň bähbidine halkara hyzmatdaşlyk
28.11
Bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
28.11
Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
27.11
Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly
27.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
top-arrow