Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Daşoguz welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet üstünligi
Ykdysadyýet
Daşoguz welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet üstünligi
Çap edildi 06.11.2019
1037

Şu gün Daşoguz welaýatynyň pagtaçylary «ak altyn» öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Olar 140 müň gektar meýdandan Watan harmanyna 230 müň tonnadan gowrak pagta hasylyny tabşyrdylar. Bu ajaýyp zähmet ýeňşine bagyşlanan dabaranyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatynyň edermen pagtaçylaryna, ýygymçylaryna, mehanizatorlaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine iberen Gutlagy okaldy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, welaýatyň daýhanlary oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmekde ýylyň-ýylyna uly üstünlikleri gazanýarlar. Şu ýyl hem olar «ak altynyň» bol hasylyny ýygnap, Watan harmanynyň beýgelmegine uly goşant goşdular. Gazanylan bu üstünlik kärendeçileriň, hususy pagta öndürijileriň, kämil tehnikalara başarjaňlyk bilen erk edýän mehanizatorlaryň, suw hojalyk işgärleriniň, oba hojalygyny, onuň pagtaçylyk pudagyny ösdürmek ugrunda netijeli işleri alyp barýan adamlaryň ählisiniň agzybirlikli we tutanýerli çeken zähmetiniň netijesidir. Welaýat boýunça “ak altynyň” bol hasylynyň öndürilmeginde etraplaryň pagtaçylyk hojalyklarynyň, öňdebaryjy hasyl ussatlarynyň her biriniň mynasyp goşandy bar. Görogly, Saparmyrat Türkmenbaşy we S.A.Nyýazow adyndaky etraplaryň pagtaçy daýhanlarynyň çeken netijeli zähmeti aýratyn bellenmäge mynasypdyr diýlip, Gutlagda aýdylýar. Bu ýere ýygnananlar özleriniň zähmetine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. Daşoguzlylaryň gazanan zähmet üstünligi milli Liderimiziň oba hojalygynda amala aşyrýan özgertmeleriniň aýdyň netijesidir. Dürli oba hojalyk önümleriniň satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlanmagy oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin netijeli işlemek ugrunda oňyn şertleri döretdi we olaryň has-da netijeli işlemäge bolan gyzyklanmalaryny artdyrdy. Bol hasyl öndürmekde welaýatyň mehanizatorlarynyň mynasyp goşandynyň bardygyny bellemeli. Döwlet Baştutanymyzyň obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak ugrunda edýän aladasy netijesinde ýurdumyzyň beýleki sebitleri ýaly, Daşoguz welaýaty hem döwrebap ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalary bilen doly üpjün edildi. Bu gezekki pagta ýygymy möwsüminde häzirki zaman pagta ýygyjy kombaýnlarynyň 305-si işledildi. Bular «John Deere» kysymly ýokary öndürijilikli amerikan kombaýnlarydyr. Şolaryň 63-si welaýata şu ýyl gelip gowuşdy hem-de olar Özbegistanyň MÕ-1,8 kysymly pagta ýygyjy traktorlary bilen utgaşdyryldy. Hasyl daşamakda awtoulaglaryň ýüzlerçesi we tirkegli traktorlar ulanyldy. Meýdanlarda entek hasyl köp. Şeýlelikde, pagta ýygymy gowşamaýan depginde dowam edýär. Ýetişdirilen hasyly kabul etmek we gaýtadan işlemek üçin welaýatyň çäklerinde kabul ediş bölümleriniň 47-si we pagta arassalaýjy kärhanalaryň 10-sy hereket edýär. Häzirki döwürde Daşoguz welaýatynda pagtany gaýtadan işleýän ýöriteleşdirilen önümçilik kuwwatlyklary işleýär. Şolaryň hatarynda ýyllyk kuwwaty 40 müň tonna barabar bolan pagtanyň tohumlyk çigidini gaýtadan işleýän ýöriteleşdirilen kärhana we Köneürgenç etrabynda birbada 10 müň tonna pagta hasylyny saklamaga niýetlenen kabul ediş terminaly bar. Çig maly gaýtadan işleýän täze önümçilikleriň hasabyna sebitleriň senagat kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen döwlet taslamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, Daşoguz welaýatynda iri pagta egriji kärhanalaryň 3-si üstünlikli hereket edýär. Şolaryň önümleri ýurdumyzyň içine bolşy ýaly, daşarky bazarlara-da ugradylýar. Şolaryň iň irileriniň birinde her ýylda 16,6 müň tonnadan gowrak pagta süýümi gaýtadan işlenilýär we ondan dünýäniň dürli künjeklerinde uly islegden peýdalanýan «Ring» kysymly ýokary hilli pagta ýüplüginiň 14,5 müň tonnasy öndürilýär. Welaýatyň hasyl ussatlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýetişdirilen hasyly doly we ýitgisiz ýygnap almak boýunça öňde goýan wezipelerini abraý bilen ýerine ýetirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler.

Soňky habarlar
08.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 825 müň dollaryndan gowrak boldy
08.09
Halk Maslahaty - Türkmenistanyň milli jebisliginiň nyşany
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
07.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
07.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
06.09
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.09
Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
06.09
“Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
06.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
top-arrow