Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Mary welaýaty pagta taýýarlamak baradaky borçnamasyny ýerine ýetirdi
Ykdysadyýet
Mary welaýaty pagta taýýarlamak baradaky borçnamasyny ýerine ýetirdi
Çap edildi 05.11.2019
1236

Şu gün bu ýerde sebitiň pagtaçylarynyň şöhratly zähmet ýeňşi mynasybetli dabara geçirildi. Olar ilkinjileriň hatarynda pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edendikleri barada hasabat berdiler. Welaýatyň pagtaçy kärendeçileri döwlete 313 müň tonnadan gowrak «ak altyn» tabşyrdylar. Dabara gatnaşanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň edermen pagtaçylaryna, mehanizatorlaryna, ýygymçylaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine şanly waka mynasybetli iberen Gutlagyny uly joşgun bilen diňlediler. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, biziň oba hojalygyndaky esasy maksadymyz ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmakdan, ýerden we suwdan netijeli peýdalanmakdan, ylmyň hem-de agrotehnikanyň iň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyryp, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Umuman, bularyň ählisi ýurdumyzda döredilen azyk bolçulygyny has-da berkitmäge hem-de özümizde öndürilýän dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň daşary ýurt bazarlaryna ýerlenilýän möçberini artdyrmaga gönükdirilendir. Berkarar Watanymyzda oba zähmetkeşleriniň yhlasly we öndürijilikli zähmet çekmegi üçin hemme zerur şertler döredilýär, daýhanlarymyzyň halal zähmetine mynasyp baha berilýär. Munuň özi daýhanlary täze zähmet ýeňişlerine we üstünliklere galkyndyrýar. Mary welaýatynyň pagtaçylarynyň bu üstünligi bolsa «ak altynyň» ýokary hasylyny almagy başarýan hemme ussatlaryň, kärendeçileriň, hususy öndürijileriň, mehanizatorlaryň, suw hojalygy işgärleriniň agzybirlikli we joşgunly zähmetiniň netijesinde, şu ýyl bellenen belent sepgide ýeten ähli oba zähmetkeşleriniň abraýyny artdyrýar. Mary welaýatynyň pagta meýdanlarynda ýygym möwsümi başdan ýokary depgine eýe boldy. Oňa gatnaşanlar ýetişdirilen bereketli hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli güýçlerini sarp edip, zähmet çekdiler. Gowaçanyň ýapragyny düşürmek işiniň has oňaýly agrotehniki möhletde geçirilmegi, gymmatly çig malyň mehanizmler arkaly netijeli ýygnalyp alynmagyny üpjün etdi. Bu işlerde ýokary öndürijilikli pagta ýygyjy kombaýnlary işledildi. Şu ýyl Ýolöten, Tagtabazar we Türkmengala etraplarynyň ekerançylary möwsümiň öňdebaryjylary boldular. Soňra welaýatyň beýleki hojalyklarynyň pagtaçylary ýeňişli tapgyry dowam etdiler. Şu günki dabara gatnaşanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan köptaraply işlerinde täze uly üstünlikleri arzuw etdiler hem-de mundan beýläk-de ähli yhlaslaryny gaýgyrman zähmet çekip, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň mukdaryny yzygiderli artdyrjakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňky habarlar
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
16.02
Türkmenistanyň Prezidenti BSGG-niň Ýewropa sebiti edarasynyň direktoryny kabul etdi
16.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary
16.02
2025-nji ýylyň görkezijileri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby sylaglanyldy
16.02
Aşgabatda ählumumy saglygy goraýyş ulgamynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog öz işine başlady
16.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 699 müň dollaryndan gowrak boldy
16.02
Türkmenistanyň Prezidenti Litwa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.02
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.02
Wirtual muzeýler — medeniýet ulgamyny ösdürmegiň häzirki zaman ugry
14.02
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
top-arrow