Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 03.11.2019
1657

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna owganystanly işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagyny satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt walýutasyna reňksiz aýna we nah ýüplügi, matalar, buýan kökünden taýýarlanylan çaý içgileri ýerlenildi. Beýik Britaniýadan, BAE-den, Gonkongdan, Türkiýeden, Ermenistandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Pakistandan gelen işewürler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 796 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýadan we Pakistandan gelen telekeçiler umumy bahasy 5 million 536 müň manatdan gowrak nah ýüplügini satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 785 müň manatdan gowrak bolan pagta süýümini satyn aldylar.

Soňky habarlar
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen
16.08
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
16.08
Türkmenistan — BMG: parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak ugrunda
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow